TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTYNA KABUL EDILŞIK

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTYNA 2020/2021-NJI ÝYLDA OKUWA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

Hünärmenleri taýýarlamagyň ugry:

1. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (hünärler: ykdysadyýet we hukuk; maliýe hukugy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; ykdysady howpsuzlyk; dünýä maliýe bazary; elektron işewürliginiň ykdysadyýeti; elektron täjirçiligi; dünýä ykdysadyýeti; hili dolandyrmak; harytşynaslyk we harytlaryň ekspertizasy).

Bakalawrlary taýýarlamagyň ugurlary:

1. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; statistika; sanly ykdysadyýet; maliýe menejmenti; gymmatly kagyzlaryň bazary; baha kesmek işi; bank işi we pul dolanyşygy; sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy; menejment; işewürlik we telekeçilik; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; döwlet we ýerli dolandyryş; ykdysady kibernetika; täjirçilik; zähmetiň ykdysadyýeti we bazary; ilatyň durmuş üpjünçiligini guramak; marketing; önümleriň tehnologiýasy we jemgyýetçilik iýmitini guramak; söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar).

2. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 22-si, 24-i we 25-i günleri;

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 23-i, 24-i we 26-sy günleri;

Mary welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 29-y we 30-y günleri;

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 31-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 5-i we 7-si günleri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ugry — matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa;

in­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy ugry — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— ykdysady hünärler boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., 1972-nji (Ata­türk) kö­çe, 73, tel.: 48-62-89, 48-62-75.