ALMANYŇ ADAM SAGLYGYNA PEÝDASY

Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma hem witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar. Almanyň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, Ç, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar.

Almanyň saglyga peýdasy barada geçirilen barlaglaryň netijesinde onuň ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygy anyklanyldy.

Beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy bilen ýüze çykýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni almakda hem alma peýdalydyr.

Alma iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramly bolmagy, süňklerimiziň berkligi üçin günde bir alma iýmek maslahat berilýär.

Bu miwäniň düzümindäki käbir himiki birleşmeleriň ynsan  bedenindäki içegeleriň işjeňligini artdyrýandygy we onuň düzümindäki zyýanly bakteriýalary ýok edýändigi mälim edildi.

 

Laçyn MUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk

 bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Oktýabr 2025 | 43 okalan

MEÝDAN DÜŞELGESINDÄKI DABARA

20 Oktýabr 2025 | 55 okalan

AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

16 Oktýabr 2025 | 139 okalan

TÄZE KITAPLARYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY