Sagdyn durmuşyň özeninde sport, sportuň özeninde bolsa gözellik bar. Diýmek, sport biziň ruhy dünýämiziň kämilleşmeginde hem uly orny eýeleýär. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri ýaşlary beden hem-de psihologik taýdan tebiýelemek üçin dürli sport oýunlaryny döredipdirler. Şeýtmek bilen, olar ýaşlardan ýeňşe bolan hyjuwy, erjellik häsiýetini kemala getiripdirler. Milli oýunlar ýaşlarda eserdeňlik, ünslülik, ýatkeşlik ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Oýunçy oýnuň dowamynda onuň netijesini aňynda janlandyryp, dogry hereket eden ýagdaýynda ýeňiş gazanýar. Bu bolsa bedeniň hem aňyň ösüşiniň kämilleşmegine getirýär. Bäsleşikler olarda ruhubelentlik, maksada okgunlylyk häsiýetlerini terbiýeleýär. Häzirki wagtda sagdyn beden we ruh bilen bagly gymmatlyklar sporta höwes bildirýän çagalaryň we ýetginjekleriň sanynyň artmagyna getirdi. Ýurdumyzda bedenterbiýe-sport boýunça ýaýbaňlandyrylan hereket ýaş nesli terbiýelemekde wajyp ähmiýete eýe bolup, olaryň oý-pikirlerine we dünýägaraýşyna oňyn täsirini ýetirýär hem-de saglygy berkitmegiň has netijeli usullaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz halkyň sagdynlygyna degişli meseleler bilen birlikde, ruhy we ahlak taýdan sagdynlygyň toplumlaýyn milli ulgamynyň düzelmeginiň zerurdygyny öňe sürýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn kemala gelmekleri, sportda uly ösüşler gazanmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak bolsun!
Kakamyrat NURBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň
baş hünärmeni.