ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ BAÝDAK GÖTERIJILERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi. 2023-nji ýylyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlara bildirilýän uly ynamyň aýdyň şöhlelenmesidir. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, asudalygyny we ösüşleriň täze okgunly gadamyny aňladýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ilatynyň esasy bölegi ýaş nesillerden ybaratdyr, şoňa görä-de, ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar. Şeýlelik-de, döwlet durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň esasyny düzýär.

28-nji ýanwarda Milli Lidermiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň, şeýle hem  «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini we döwrüň möhüm wezipelerini nazara tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça çözgütleriň kabul edilmegi ýaşlaryň hukuk ýagdaýyny kadalaşdyrýan hukuk binýadyny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini ýene bir ýola subut etdi. Şonuň esasynda häzirki döwürde ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy, saýlap alan ugry boýunça kämilleşmegi we dünýä derejesinde tejribe toplamagy üçin anyk maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Bu gurultaýyň geçirilmegi ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet derejesinde çuňňur alada edilýändigini, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, geljegimizi gurujylar hökmünde ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegi üçin ähli tagallalaryň edilýändigini, munuň geljekde-de güýçli depginde dowam etdiriljekdigini aňladýar.

Şeýle asylly işleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA