Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ähli ýerde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda hem edermen babadaýhanlaryň yhlasyndan kemala gelen ak bugdaýly pellerde zähmet gaýnap joşýar.
Şu günler bolsa, ýetişen bugdaý hasylynyň her bir dänesini ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen ýaş gallaçy babadaýhanlar gyzgalaňly ýagdaýda arman zähmet çekýärler. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde daşary ýurtlaryndan satyn alnan Jonder kysymly oba hojalyk awtoulaglary edermen ýaş gallaçylarymyzyň hyzmatyna berildi. Işleri ýeňilleşen ýaş gallaçylarymyz özleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini uly buýsanç bilen beýan edýärler.
Bezirgen BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.