TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ ŞEKILI ARHEOLOGIÝA TAPYNDYLARDA

Türkmen alabaý itleriniň gelip çykyşynyň taryhyny öwrenmekde arheologiýa ylmy möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän dürli döwürlere degişli taryhy-medeni ýadygärliklerden ýüze çykarylan tapyndylaryň arasynda türkmen alabaý itleriniň heýkeljikleri we şekilleri köp duş gelýär. Arheologiýa gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan tapyndylaryň esasynda, alabaý itleriniň saklanyşynyň we kemala gelmeginiň türkmen topragy bilen berk baglanyşyklydygyny aýtmak bolar.

Türkmen alabaýynyň taryhymyzyň haýsy döwrinde dörändigi baradaky oýlanmalar alymlaryň arasynda uly gyzyklanma döredip gelýär. Taryhy maglumatlara görä onuň iň gadymy şekilleri Jeýtun medeniýetiniň Pessejikdepe (b.e. öňki VII-V müňýyllyklar) ýadygärliginden ýüze çykarylýar.

Bu barada alym Arkadagymyz: «Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynyň töweregindäki gadymy daş asyryna degişli bolan Pessejikdepe ýadygärliginde diwaryň ýüzündäki şekillerde hem alabaý suratlandyrylypdyr. Şol hem alabaýyň iň irki döwre degişli şekilidir» diýip belleýär.

Pessejikdepäniň diwar bezeginde türkmen alabaýynyň ýatagynyň şekili ýüze çykaryldy. Muňa meňzeş şekiller, ýagny byçgynyň dişi görnüşinde setir bolup gidýän öýjagazlar, halynyň «It ýatak» gölünde hem gabat gelýär.

Pessejikdepe ýadygärliginde ilkinji gazuw-agtaryş işlerini alyp baran, şeýle-de ybadathananyň diwarynyň ýüzündäki şekillendiriş bezegini ýüze çykaran görnükli arheolog Ö.Berdiýewdir. Ol «Gadymy diwaryň ýüzündäki freskalar» atly ylmy işinde bu diwar bezegleri barada ýazypdyr.  

Görnükli taryhçy Ö.Gündogdyýew «Itleriň ýaşaýyşynyň yzlary eýýäm Türkmenistanyň irki gadymy obalarynda duş gelýär. Jeýtun ýadygärliginden b.e. öňki VI müňýyllyga degişli bolan itiň ystyhany ýüze çykaryldy, onuň daýaw äňi türkmenleriň ata-babalarynyň şol döwürde örän iri tohumly itlere eýe bolandyklaryna şaýatlyk edýär» diýip belläp geçýär.   

Alym Arkadagymyz: «Alabaýlaryň örän gadymylygyna Kaka etrabynda Altyndepe arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan bürünç döwrüne degişli itiň palçykdan ýasalan şekilleri şaýatlyk edýär. Gulaklarynyň kelte, guýruklarynyň kesik bolmagy olara häzirki zaman türkmen goýun itleriniň gadymy ata-babalarynyň şekiliniň subutnamasydyr diýmäge esas berýär» diýip belleýär.

Günorta Türkmenistanyň bürünç asyryna degişli şäherjigi bolan Altyndepe ýadygärliginde alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijesinde, türkmen alabaýlarynyň gadymy şekilleriniň onlarça heýkeljikleriniň üsti açyldy. Bu tapyndylar b.e.öňki III müňýyllygyň ahyry we II müňýyllygyň başlary bilen senelenýär.  

Altyndepeden tapylan, gyzylymtyl-goňur reňkli bişirilen toýundan ýasalan heýkeljikler gazan kelleli, daýaw haýbatly bedenli itler bolupdyr. Alym W.M.Masson itiň heýkeljikleriniň bürünç asyryna degişlidigini tassyklady. «Toýundan ýasalan haýwanlaryň heýkeljikleri Altyndepe ýadygärliginiň özboluşly bir bölegi bolup durýar. Galyň dörtburç tumşukly we ýokary galan gysga, ähtimal, kesilip gysgaldylan guýrukly itler» diýip suratlandyrýar. Altyndepede geçirilen ylmy barlaglarda b.e.öňki II müňýyllygyň başynda adamyň golaýynda öz alamatlary boýunça türkmen itlerine kybap gelýän itleriň ýaşandygy anyklanyldy. Altyndepäniň özboluşly heýkeljikleriniň esasy aýratynlygy, itiň gulagynyň we guýrugynyň kesmek däbiniň şol döwürden bäri dowam edýändigini, şol döwrüň itleriniň häzirki zaman türkmen itlerine örän meňzeş bolandygyny görkezýär.    

Ýerli arheologlar: «Altyndepe ýadygärliginde eneolit (daş-mis asyry), irki we ösen bürünç eýýamlarynyň gatlaklaryndan iri we ortaça ululykdaky döşli, gysga tumşukly we ägirt uly kelleli itlere degişli süňk bölekleriniň onlarçasy tapyldy. Ol ýerden tapylan terrakotadan ýasalan heýkeljiklerde hem inedördül, daýaw, gysga tumşukly, berk bedenli itler şekillendirilipdir. Käbir şekiljiklerde itleriň gulaklary we guýruklary örän yhlaslylyk hem-de anyklyk bilen ýelmelip ýasalypdyr. Olaryň gysgaldylandygy anyk görünýär (bu däp biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr)» diýip bu tapyndylary tassyklaýarlar.    

Belli arheolog alym W.I.Sarianidi: «Marguşda (b.e. öňki III müňýyllyk) itleriň köp sanlylykda ýörite jaýlanylyşyna gabat gelindik. Olar Goňurdepede patyşa gonamçylygynda adamlaryň ýakynda hormatlanyp jaýlanypdyrlar. Awestada bu haýwana köp sanly öwgüli setirler bagyşlanypdyr we ol uly mukaddeslik nyşany hökmünde suratlandyrylýar» diýip belleýär.   

Goňurdepäniň ybadathanasyndan tapylan toýundan ýasalan dini äheňli gabyň ýokary aýlawynda oturdylan antropomorf (adam şekilleri) has-da tapawutlanypdyr. Gabyň ýokarky bogdak tarapynda biri-biriniň yzyndan ýöräp gelýän haýwanlar şekillendirilipdir; guşlar, ýylanlar, goç we arasynda daýaw itiň şekili hem bar. Şeýle mazmunly suratlaryň gadymy mifleriň gysgaça teswirini aňladýandygy barada garaýyş bar.

Italýan arheology Gabriel Rossi-Osmida Marguşyň merkezi bolan Goňurdepede itiň süňküniň tapylandygyny aýdyp, onuň türkmen alabaýyna örän ýakyndygyny belleýär. Marguşyň toplumyna degişli Ajyguýy ýadygärliginde hem açylan iki sany iri tohum itiniň ystyhany, alabaýyň gadymydygyny takyklaýar.    

Alabaýyň heýkeljikleri antik we orta asyrlara degişli ýadygärliklerde-de köp duş gelýär. Gäwürgalanyň harabaçylygynyň tapyndylarynyň arasynda çopan itleriniň terrakotadan ýasalan heýkeljikleri tapawutlanýarlar. Şol ýerde ala-ýaşyl palçykdan galyplanylyp ýasalan gaplaryň böleklerine hem gabat gelindi (II asyr), ol gaplaryň böleklerinde gaşynyň üsti ýygyrtly, çürşük, dişleri syrtaryşyp duran, hüşgär gulakly uly itleriň sypatlary diýseň aýdyňlyk bilen görkezilipdir. Şol şekili suratlandyrylan heýkeljik Gäwürgalanyň «süýrümtik öýüniň» IV-VII asyrlardaky gatlaklaryndan hem tapylypdyr.

Köne Nusaý ýadygärliginden 1948-nji ýylda ýüze çykarylan ritonlaryň erňeginde uly kelleli, haýbatly itiň şekilleri bar. Bu hem Parfiýa medeniýetinde alabaý itleriniň keşbiniň tutan özboluşly ornuny kesgitleýär.      

Garaşsyzlyk ýyllarynda alnyp barylýan arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Paryzdepe, Daňdanakan we Ýasydepe taryhy-medeni ýadygärliklerinden türkmen alabaýynyň keramika we faýans heýkeljikleri tapyldy. Olar heýkeltaraşlar tarapyndan toýun palçygyndan ussatlyk bilen ýasalyp, soňra ýörite peçlerde bişirilipdir. Heýkeliň daşky gatlagy, onuň berdaşly bolmagy üçin faýans bilen guýulypdyr. Bu ýadygärlikler orta asyrlar döwrüni öz içine alyp, öz döwrüniň ösen sungatyny we medeniýetini äşgär edýär.    

Paryzdepe Nusaý sebitiniň, günorta Türkmenistanyň we bütin Orta Aziýanyň seýrek duş gelýän hem-de wajyp taryhy ýadygärlikleriniň hataryna girýär. Rus arheology W.Pilipkonyň aýtmagyna görä, ýadygärligiň esasy aýratynlygy, bu ýerde daş-mis eýýamyndan (b.e.öňki V müňýyllyk) başlap, tä giçki orta asyrlara çenli (ХVI-ХVII asyrlar) ýaşaýşyň üznüksiz dowam etmegidir. Görnükli alym A.A.Maruşenkonyň ýazmagyna görä, Paryzdepäniň oturymly ekerançylyk we maldarçylyk hojalygy bolupdyr. Bu bolsa, alabaý itleriniň bu sebitde giňden peýdalanylandygyny aýan edýär. Paryzdepäniň günbatar-demirgazyk tarapynda gazylan barlag çukurynyň bäş metr çuňlugyndan alabaýyň toýundan ýasalan heýkeljigi tapyldy. Alymlar onuň ýanynda ýatan keramiki önümleriň esasynda, ony antik eýýamynyň (b.e. öňki II asyr) Parfiýa döwleti döwrüne degişli hasap edýärler. Ussa heýkeljikde alabaýyň gazan kelleli, boýny ýogyn, döşi giň, bedeni dykyz, aýaklary gysgadan kuwwatly görnüşde bolup, bu itiň tebigy sypatyny we häsiýetini bermegi ussatlykda başarypdyrlar. Onuň ölçegi 5х4 sm barabar. Şol döwüriň heýkeltaraş ussatlary, çagalaryň sagdyn kemala gelmegi üçin dünýägaraýşyny giňeltmek, şeýle-de haýwanat dünýäsi bilen ynsanyň tebigy gatnaşygyny sazlamak üçin bu heýkeljikleriň ähmiýetini aýan edipdirler. Olarda halk döredijiliginde duş gelýän, ertekileriň, rowaýatlaryň we mifleriň sypatlary gabat gelýär. Paryzdepeden tapylan türkmen alabaýynyň şekili, onuň türkmen durmuşyna ornaşandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.   

Türkmen topragyndan ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň arasynda gabat gelýän itleriň keşpleri, ata-babamyzyň gadymyýetden bäri bu jandarlar bilen gatnaşykda bolandygyny aýdyň görkezýär. Dehistan (b.e. öňki ХII-ХIII asyrlar) keramikasynyň bezeginde tazynyň suraty çekilmegi, şol döwürde jemgyýetde itiň çeper keşbine aýratyn üns berilýändigini äşgär edýär.  

Şahryslam taryhy-medeni ýadygärliginde geçirilen ylmy gözleg işleriniň netijesinde bişen kerpijiň ýüzünde itiň aýak yzlary ýüze çykaryldy. Bu yzlar türkmen alabaýynyň aýak yzlaryna doly gabat gelýär we tapyndynyň gaýtalanmajak özboluşlylygy aýratyn ünsi özüne çekýär. Şähryslam şäheri Beýik Seljuklaryň döwründe (IХ-ХII asyrlar) medeniýetiň we sungatyň merkezleriniň biri bolupdyr.  

Arheolog alym Ö.Gündogdyýew «1982-nji ýylda Hazarekdepe obasynda ýerleşýän içki galanyň 100 metr uzaklygyndaky gowaça meýdanyndan hem çopan itiniň heýkeljigi tapyldy. Ol açyk-goňur reňkli palçykdan ýelmelip el bilen ýasalypdyr. Göwresiniň we aýaklarynyň bütinleý döwlendigine garamazdan, onuň kellesinde we ýogyn boýnunda göni çyzgylar bilen çekilen çyzgylardaky gür tüýüniň yzlary çopan itiniň — alabaýyň umumylaşdyrylan şekilini berýär (heýkeljigiň saklanyp galan böleginiň beýikligi 6,8 sm.). Bu heýkeljik irki orta asyrlar döwründe ýasalypdyr we Amyderýanyň orta akymynyň bütin kenar boýunda alabaýy şekillendirýän ýeke-täk nusgasy bolup durýar» diýip belleýär.

Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde türkmen alabaýynyň dürli görnüşli heýkeljikleri köp duş gelýär.  Diňe bir heýkeljiklerde däl-de, keramika önümleriň ýüzünde hem itleriň şekilleri bar. Altyndepe, Şähryslam, Paryzdepe we beýleki ýadygärliklerde türkmen alabaýynyň galdyran yzlary we heýkeljikleri alymlar tarapyndan uly gyzyklanma eýedir. Alabaýyň iň gadymy nusgalarynyň ýüze çykarylmagy, bular toýundan bişirilip ýasalan dürli görnüşli heýkeljikler bolup, bu aýratyn jandaryň gelip çykyşynyň taryhy köklerinden habar berýär. Şeýlelik-de, türkmen topragynyň gadymy we orta asyrlara degişli taryhy-medeni ýadygärliklerinden alabaýyň şekilleriniň ýüze çykarylmagy, bu it tohumynyň gadymydygyndan aýdyň nyşandyr.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň baý medeni-mirasyny ylmy taýdan öwrenmekde hem-de ony dünýä wagyz etmekde görkezýän ýol-ýörelgelerine eýerip, häzirki wagtda uly depgin bilen alnyp barylýan arheologiýa gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerinde ýüze çykarylan seýrek duş gelýän tapyndylar, şol sanda türkmen alabaýynyň heýkeljikleri uly buýsanja eýedir. Alabaý itleri türkmen halky bilen bilelikde ençeme müňýyllyklar boýy ýoly geçdiler. Alabaý itleriniň tohumynyň gadymy döwürlerde döräp, ata-babalarymyzyň durmuşyna düýpli ornaşandygyny, biziň günlerimize gelip ýeten dürli görnüşli heýkeljikler aýan edýär.

 

Mähri GURDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri,

 

Kerim HOJAGULYÝEW,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.

Öňki makala

BOL HASYLYŇ UGRUNDA

Indiki makala

GARPYZ HAKYNDA

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA