Garpyz hem melhemler bakjasynyň köp dertlere derman bolýan ajaýyp nygmatlarynyň biridir. Halk arasynda gawun-garpyz ýaly bakja önümleriniň gowusyny, bişenini saýlap almak babatda «Gawunyň-agyry, garpyzyň-ýeňili» diýen usullar hem peýdalanylýar. Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» atly kitabynda bolsa şu babatda: «Abu Musehhir Gassany şeýle diýýär: Kakam her gezek garpyz satyn alanda: — Eý, oglum, onuň gara çyzyklaryny sana! Eger-de şol çyzyklar täk bolsa, garpyzyň süýjiligini biläýgin! — diýerdi» diýlip bellenilýär.
Düzüminiň 90 göteriminden gowragynyň suwdan ybaratdygy üçin, garpyz teşneligi gandyryjylygy, ýeňil siňýändigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Garpyz — B, C, E, PP witaminleriniň, pektin maddalarynyň, foliý turşusynyň we A prowitamininiň çeşmesi. Oňa gyzyl reňk berýän likopin maddasynyň ýürek damar hem-de çiş keselleriniň öňüni almakda peýdasy ulydyr. Şeýle-de onda demiriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary bar. Garpyzyň süýjiligi bolsa, onuň düzümindäki fruktoza bagly bolýar.
Magniý — garpyzyň düzümindäki iň gymmatly elementleriň biri bolup, ol gan damarlarynyň çeýeligini we bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, içegäniň işini kadalaşdyrýar. Adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan magniniň möçberi üçin 150 gramyny iýmek ýeterlikdir. Garpyzyň peşew çykaryjy täsiri öňden bäri mälim bolup, halk lukmançylygynda bagyr, ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan käbir keselleri bejermekde, böwrekdäki we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Garpyz gan basyşynyň ýokarlanmagynyň hem öňüni alýar. Onuň sykylan suwy bolsa bagry zäherli maddalardan arassalaýar. Çendenaşa semizlikden ejir çekýän adamlar üçin-de garpyz örän peýdaly.
Bedeniň garpyzyň düzümindäki ýokumly maddalardan witaminler bilen üpjün edilmegi üçin onuň dogry saýlanmagy örän möhümdir. Munuň üçin bolsa şu aşakdaky maslahatlar berilýär:
- Deşik, ýaryk, ýagny şikeslenen garpyzdan gaça durmaly;
- Garpyzyň öte kiçi ýa-da uly bolmazlygyna üns bermeli. Ortaça ululykdaky garpyzyň agramy 5-7 kilogram hasaplanýar;
- Garpyzyň ýere degip duran ýerinde agymtyl sary reňk emele gelýär. Şol ýer näçe saralan bolsa, garpyz şonça-da bişen hem süýji bolýar;
- Çigitsiz garpyz genetiki taýdan üýtgedilendir. Gowy garpyzyň hökman çigidi bolmalydyr;
- Garpyzyň etindäki süýmler ak reňkde bolmaly;
- Garpyzy kesdirip, bölekläp almak maslahat berilmeýär. Kesilen garpyza mikroplar düşüp bilýär;
- Garpyzy kesmezden öň, onuň daşyny gowy edip ýuwmaly.
Leýli ÇARYGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiňsanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.