TÜRKMENISTANDA GEÇIRILÝÄN ÝARYŞLAR ÝOKARY GURAMAÇYLYK DEREJESI BILEN TAPAWUTLANÝAR

Aşgabat şäherinde üstünlikli tamamlanan 12 ýaşa çenli tennisçileriň arasyndaky merkezi Aziýanyň çempionatyna halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşyp, ýokary baha berdiler. Habarçymyz Aziýa tennis federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Manpreet Kandhari bilen gysgajyk söhbet etdi.

— Sizi türkmen paýtagtynda hoş gördük!

— Sag boluň!

— Aşgabatda guralan sebitimiziň tennis ýaryşyna tomaşa etdiňiz. özüňizde galan täsirleri paýlaşyp bilersiňizmi?

 — Bu ýerde paýlaşmaga täsir kän. Ozaly bilen gatnaşýan ýygyndylaryň her biriniň ýeňiş gazanmaga bolan isleginiň uludygy sebitiň sport abraýyny halkara ýaryşlarynda mynasyp goramaga ukyply nesliň ýetişip gelýändigini görkezýär.

— Türkmenistanly tennisçiler hakynda näme aýdyp bilersiňiz?

— Ýaryşy guraýan ýurduň türgenlerine hemişe has uly jogapkärçilik düşýär. Olar öz janköýerleriniň öňünde mynasyp çykyş etmek üçin has tijenmeli bolýarlar. Türkmenistanda tennisiň soňky ýyllarda has giňden ýaýbaňlandyrylýandygy, sportuň bu görnüşiniň ukyply wekilleriniň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýändigini aýtmak bolar.

— Olimpiýa şäherçesiniň tennis kortlaryna nähili baha berýärsiňiz?

— Halkara federasiýanyň degişli jogapkär işgärleri ýaryşyň geçiriljek ýeriniň talabalaýyklygyny öňünden kesgitläp berýär. Emma men bu şäherçäniň içine aýak basyp, hemme desgalaryň halkara standartlaryna gabat gelýändigine göz ýetirdim. Diňe çagalaryň arasynda däl, eýsem uly ýaşly tennisçileriň, onda-da has giň gerimli ýaryşlary hem bu ýerde ýokary derejede gurap boljakdygyny aýdyp bilerin.

Ýaryşyň guramaçylygy hakynda-da siziň pikiriňizi eşitsek gowy boljak.

— Türkmenistanda diňe bir sebitleýin däl, eýsem yklym ýaryşy, hatda dünýä çempionatlary üstünlikli geçirilýär. Şonuň üçin geçen ýyllaryň dowamynda toplanan oňyn tejribe 12 ýaşa çenli çagalaryň arasyndaky ýaryşyň hem ýokary guramaçylyk derejesi bilen tapawutlanýar. Dogrusy, ýaryşyň guramaçylygy garaşyşymyzdan has ýokary boldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň öz miwesini berýändigini görkezýär.

Aşgabatda guralan ýaryşyň aýratynlygy hakynda sorasalar, ilki bilen nämeleri dile getirersiňiz?!

 — Türkmenistanda janköýerleriň tennisçileri gyzgyn goldaýandygy ünsümi özüne çekdi. Şol goldaw bolsa bäsleşikleriň has gyzykly geçmegine täsir edýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň medeni gezelenç guramagy hem ýatdagalyjy pursatlaryň biri boldy. Aşgabadyň we onuň golaýlaryndaky gözel ýerlere, gadymy ýadygärliklere, şäheriň ajaýyplyklaryna guralan gezelençler türgenler üçinem, tälimçiler üçinem ýakymly boldy. Türkmenistan halkara ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmegiň nusgasyny görkezdi diýip, ynamly aýdyp bilerin.

— Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň!

 

Söhbetdeş bolan: Çarymyrat Gylyçmyradow,

«Türkmenistan sport» halkara žurnaly.

Surata düşüren: Dörtguly Myratgulyýew.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 131 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR