TÜRKMEN KÜŞTÇÜSI DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA MEDAL GAZANDY

Gruziýanyň Batumi şäherinde geçýän küşt boýunça Dünýä çempionatynda rapid ýaryşlary jemlendi. Onda 16 ýaşly ýetginjek küştçüleriň arasynda çykyş edýän türkmenistanly küştçi gyz Leýla Şöhradowa 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Leýla mümkin bolan 11 utukdan 8 utuk toplap, Russiýa Federasiýasyndan Aleksandra Şwedowadan 1 utuk, Belarusdan Kseniýa Normandan 0,5 utuk yza galdy. Türkmenistanly FIDE-niň ussatlygyna dalaşgär Leýla Şöhradowa küşt boýunça bäsleşikleriň başynda iki gezek yzly-yzyna ýeňlişe sezewar boldy. Ýöne şolardan soň ynamly oýun görkezip, galan 9 oýunda 8 utuk toplady. Şol oýunlaryň birinde ol Russiýa Federasiýasyndan küşt boýunça dünýä çempionyny ýeňmegi hem başardy. Baýrak gowşurylyş dabarasynda Leýla Şöhradowa bürünç medal bilen sylaglandy. Dünýä çempionatynyň 500-e golaý ýaş küştçini bir ýere jemländigini, olaryň medallar ugrunda 8 – 18 ýaş aralygyndaky ýaş toparlarynda rapid we blis formatynda bäsleşendigini ýatladýarys.

 

Geldimyrat SOLTOWOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 131 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR