Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Gadymy türkmen topragyny uly dabaralara besleýän bu baýramyň joşguny milletimiziň mizemez agzybirliginiň we Magtymguly Pyragynyň amala aşan arzuwynyň nyşany bolup dünýä ýaň salýar. Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary derejeli medeni çäreler geçirilýär. Diýarymyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi, onuň çäklerinde-de medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimizi giňden ösdürmäge mümkinçilik berýär. Medeniýet edep-ekramlylygy, sowatlylygy, çuňňur düşünjeliligi öz içine alýar.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň milli medeniýetimizi ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly ähmiýeti bardyr.
Medeniýet işgärleri halka ruhy lezzet, ruhubelentlik, gözellik paýlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamy bilen baglanyşykly edýän çuň manyly çykyşlary, ylmy-seljermeleri we çeper eserleri milli medeniýetimiziň ösmegine uly itergi berýär. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplar seýisçilik sungatyna bagyşlanan ajaýyp eserler bolsa, «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly eserleri enelerimiziň gadymdan gelýän haly sungatyna, gelin-gyzlaryň naýbaşy sungaty bolan el işlerine bagyşlanandyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Medeni gözelliklerimize nazar aýlap, onuň döreýiş köklerini yzarlamak, kämilleşiş ugurlaryny seljermek, bu ugurda gazanylýan täze üstünliklere begenmek meniň üçin diýseň guwançly» diýen ganatly sözleri milli medeniýetimiziň pajarlap ösmegine giň ýol açylýandygyna güwä geçýär.
Medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has hem kämilleşdirmek maksady bilen halkara derejesinde-de dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Edebiýatyň taryhynda şygryýet dünýäsi bilen öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak edebi gymmatlykdyr. Dana şahyryň paýhasyndan dörän dürdäne setirler özüniň çuň manysy we çeperçiligi bilen her bir ynsanyň kalbyna gözellik çaýýar. Türkmen döwletiniň agzybirligini, jebisligini, halkyň göterilen beýik ykbalyny, bagtyýarlyk eýýamyny arzuwlan Magtymguly Pyragy özüniň çeper döredijiligi bilen dünýä halklarynyň kalbynda-da müdimilik ýaşap gelýär. Şahyryň çuň many-mazmunly şygyrlary adamzat ýaşaýşynyň ruhy çeşmesine öwrüldi. Söz ussadynyň agzybirlikde, jebislikde, parahatçylykda, bir supranyň daşyna jem bolup, bir döwlete gulluk etmäge çagyran dana pikirleri, öwüt-nesihatlary halkymyzyň we döwletimiziň milli ýörelgesine öwrüldi. Bu günki günde beýik akyldaryň arzuwlan bagtyýar zamanasy hasyl boldy. Erkana ýola düşen türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda we abadan durmuşda ýaşaýar, döredýär, gurýar.
Ähli türkmen halkymyzy Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de beýik akyldar, türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.