SAGDYN NESIL — NURANA GELJEK

Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek meselesi hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna hem-de ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak, türkmen jemgyýetinde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işe öz goşandyny goşmaga çalyşýar. Ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmekde netijeli hereketler ýaýbaňlandyrylyp, bu iş has-da giň gerime eýe boldy.

Bilşimiz ýaly, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanyp, berk bedenli, sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň berk binýadyny goýmak ugrunda nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ýaýbaňlandyryp, ýokary netijeli sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda il-ýurt bähbitli bu asylly işe mynasyp goşant goşmagyň jemgyýetiň her bir agzasynyň mukaddes borjydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2011-nji ýylda Türkmenistan temmäkiniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça borçnamalary öz üstüne alyp, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna goşuldy. 2013-nji ýylyň dekabrynda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Geçen ýyl bolsa «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şulardan görnüşi ýaly, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, ilatyň saglygyny goramak, ýaş nesilleriň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak, olaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek bilen bagly işler hemişe döwletiň üns merkezindedir.

Ahlak arassalygy, sagdyn durmuş ýörelgeleri, ruhy tämizlik, pederleriň pendine ygrarlylyk, belent adamkärçilik häsiýetleri we watansöýüjilik kämil jemgyýetiň berk esaslaryny emele getirip, olar hemişe türkmen ýaşlaryna mahsus aýratynlyklar bolupdyr.

Ykballarymyza bagt nuruny çaýan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda halkymyzy has-da eşretli günlere ynamly alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI