Suw daşaýan bir adamyň iki sany uly küýzesi bar eken. Ol küýzeleri uzyn syrygyň iki tarapyna berkidip, egnine atyp suw daşar eken. Küýzeleriň biriniň moý atan ýeri bar eken, beýlekisi bolsa abat eken we hemişe gözbaşdan gaýdýan uzyn gezelençden soň halypanyň öýüne dolulygyna geler eken. Moýly küýze bolsa her gezek birinji küýzäniňkiniň ýaryça suw getirer eken.
Bu ýagdaý iki ýylyň dowamynda gün yrman gaýtalanypdyr: suw daşaýan adam halypanyň öýüne diňe bir ýarty küýze suw eltipdir. Elbetde, abat küýze abraýly derejesine buýsanypdyr, görgüli kemli küýze bolsa özüniň bikämildiginden utanar eken hem-de özüni juda betbagt hasaplar eken, sebäbi ol özüniň niýetlenen işiniň diňe ýaryny amala aşyrmagy başarýar ahbetin.
Iki ýyllap özüniň derde ýaramaýandygyna gyýlyp gezeninden soň ol ahyry bir gün çeşmäniň boýunda suw daşaýan eýesiniň ýanynda dil ýarypdyr:
— Men öz ýagdaýymdan utanyp, ýere girip bilemok, munuň üçin seniň öňüňde ötünç soramak isleýän.
— Näme üçin? Sen nämeden utanýaň?
— Şu geçen iki ýylyň içinde men özüme ynanylan ýüküň diňe ýaryny aşmaly menzilime ýetirmäge ýaradym, sebäbi böwrümdäki çat açan ýerden seniň halypaň öýüne barýançak ýol boýy suw dökülip gidýär. Muňa sen zähmet siňdirýäň, meniň kemçiligim sebäpli bolsa siňdiren yhlasyň doly hözirini görüp bilmediň — diýip, küýze gussa bilen içini döküpdir.
Suw daşaýançynyň moý atan köne küýzä nebsi agyryp, onuň göwnüni götermek isläp, şeýle diýipdir:
— Biziň ýolumyz halypanyň öýüne tarap, senden bir haýyşym, onuňka barýançak ýol boýundaky owadan gülleri synlap git.
Dogrudan-da, olar baýra galanlarynda, moýly küýze ýoluň bir gapdalyndaky parç bolup oturan güllere üns beripdir. Bu görnüş ony birneme köşeşdiripdir. Emma ýodanyň ahyryna gelenlerinde, onuň ýene-de keýpi gaçypdyr, sebäbi süňňündäki suw ýene-de syzylyp, küýzedäki suw ýarty bolan eken. Şonuň üçin ol özüniň derde ýaramaýanlygyndan nalap, suw daşaýjydan gaýtalap ötünç sorapdyr.
Şonda suw daşaýjy küýzä şeýle diýipdir:
— Sen gülleriň beýleki küýzäniň tarapynda däl-de, diňe seniň tarapyňda ösüp oturandygyna üns berdiňmi? Munuň hikmeti, hemişe-de seniň kemçiligiňden habarym bardy, onsoň men ony haýyrly, bähbitli zada öwürmeli diýen netijä geldim. Men seniň tarapyňa gülüň tohumyny sepip çykdym, şeýdip biz her gün çeşmeden yzymyza gaýdanymyzda sen olary suwlap geçdiň. Iki ýyl bäri men bu güllerden alyp, halypamyň oturýan otagyny bezäp geldim. Eger-de şu bolşuň ýaly bolmadyk bolsaň, onuň öýünde beýle gözellik hem bolmazdy.
“NAŞYJA SOWGATLAR” atly kitabyndan.