Wasiliý Aleksandrowiç Suhomlinskiý görnükli ukrain pedagogy. Meşhur pedagog özüniň manyly ömrüni ýaş nesli terbiýelemäge bagyşlaýar.
W.A.Suhomlinskiý hemişe ýaşlaryň watansöýüji, il-halka wepaly, päk ahlakly, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagalla edipdir. Zehinli pedagogyň bu ugra bagyşlap ýazan «Mährimi çagalara bagyşlaýaryn», «Ogluma ýazan hatlarym», «Hakyky adamy nähili terbiýelemeli?», «Raýatyň dünýä inmegi» ýaly kitaplary nesil terbiýesini ele almagyň inçe ýollaryny salgy berýär. Bu pedagogik eserler ata-eneler, mugallymlar we terbiýe işi bilen meşgullanýan her bir adam üçin gymmatly gollanmadyr. W.A.Suhomlinskiniň psihologik we pedagogik eserleri dünýäniň dürli dillerine terjime edilýär. Görnükli pedagogyň «Ogluma ýazan hatlarym» we «Hakyky adamy nähili terbiýelemeli?» diýen kitaplaryny terjimeçiler Daňatar Berdiýew, Dörtguly Balakaýew we Öwlüýäguly Çaryýew dagy rus dilinden türkmen diline terjime edipdirler. Biz onuň her bir döwrüň derwaýys meselesi bolan nesil terbiýesi baradaky zerur maslahatlary özünde jemleýän «Ogluma ýazan hatlarym» atly kitabyndan bölekleri siziň dykgatyňyza hödürleýäris.
Adama ähli zady öňünden öwredip goýmaly. Ýetginjege zähmet çekmegi ilkinji ädimlerden öwredip ugramaly. Ynsan neslini terbiýelemegi öwretmek bularyň iň esasylarynyň biri. Çagalary terbiýelemegi öwretmek — adamkärçiligi öwretmek.
Her gün meniň üçin çaga şatlygy bilen başlanýar. Çaga gözlerinde bägülüň açylyp gelýän gunçasyna haýran galmagy, onuň adatdan daşary täze bir zady — mawy asmandaky buludy, gülden-güle gonýan kebelegi täsinlik bilen synlaýşyny görýärin. Çagalar ejeleriniň we kakalarynyň beren sowgatlaryny begenişip görkezýärler. Jemgyýetiň hem, ata-enäniň hem olara şatlyk eçilýäni gowy zat, ýöne şadyýan, ünjüsiz çagalary görenimde meniň ýüregime howsala aralaşýar. Meni her bir atanyň pikir etmeli meselesi howsala salýar, ol barada senem pikir et.
Biziň çaga bolan çäksiz söýgimiz onuň ýüreginde minnetdarlyk uçgunyny döredermikä?! Öz ýaşaýşynyň şatlyklarynyň we eşretleriniň ata-enäniň, özi üçin eziz ynsanlaryň irginsiz zähmetiligini, alyn deriligini, aladasylygyny çaga duýarmyka?!
Öz-özüňi dowam etdirmek, özüni nesillerinde gaýtalamak ata-enäniň iň beýik bagtydyr. Sen öz çagaňa gaýtalap bolmajak gudrata seredýän ýaly seredersiň, oňa gowusy bolsun diýip ähli gowy zadyňy bermäge taýýarsyň, ýöne sen çaganyň ilki bilen adam bolmalydygyny unutma. Adamda bolsa esasy zat özüne ýagşylyk edýäniň öňünde borç duýgusy, oňa hoşallygy we minnetdarlygy bolmalydyr. Ýagşylygyň gadyryny bilmek duýgusyny perzentler öz ata-enesine ýa-da ýaşuly nesle ýagşylyk eden halatynda başdan geçirer. Her bir çaga ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap bermelidir. Bu terbiýäniň iň möhüm kanunydyr.
Ahlak terbiýesiniň ilki bilen parasatly çäklendirmeligini ýatda saklagyn. Çaga aňly-düşünjeli durmuşynyň ilkinji ädimlerinden başlap, «bolýar», «bolanok», «gerek» diýen üç sany zadyň barlygyna düşünmelidir. Bu üçüsini sazlaşdyrmagy oňarmaýan terbiýeleýjiler uly ýalňyşlyk goýberýär. Çagany 12 ýaşa, käte 13-14 ýaşa, käteler bolsa 15-16 ýaşa çenli bolýar diýen nahar bilen naharlaýarlar. Çaga, soň bolsa ýetginjege ähli zat bolýar, ähli zat rugsat edilýär. Onuň aňyna özüni älemiň merkezidirin öýdýän pikiri ornaşdyrýarlar. Bar labyryny taşlan çagalary gerişlerine agram salanda ejesi bilen kakasy nahary howul-halat çalşyrmak bilen bolýarlar, ony bolanok bilen naharlap ugraýarlar. Kiçijik adam üçin birdenkä dünýäniň düýbünden täze, belli bolmadyk tarapy açylýar: oňa o zat gadagan edilýär, bu zat rugsat edilenok... Ýetginjek özüni eli-aýagy baglanan ýaly, göwnüne deglen ýaly duýýar. Onuň ýagşylyk we ýamanlyk, adalat we zulum baradaky düşünjesi ters çykýar. Ol şu çaka çenli bütin durky bilen ata-enä şatlyk eçilýändirin öýdýärdi: Ol näme edende hem ejesi bilen kakasy oňa buýsanýardy. (hatda özünden ululara kiçijik ýumrugyny çenäninde hem ony öwýärdiler, «Gör, biziň oglumyzyň nähilidigini, ol uly adam bolupdyr» diýýärdiler.) Görlüp oturylsa, soňlygy bilen ol hereketler ata-enesine şatlyk getirmän, diňe dertdir hasrat getirýän endige öwrülýär. Buýsançly öwgüleriň ýerine jan awundyrýan urgylar peýda bolýar. Çaganyň göwni ynjap ugraýar. Ata-enäniň her bir teýeneli sözi onuň ýaraly ýüregine duz bolup basylýar. Onuň öz-özüne haýpy gelýär. Bu ruhy ýagdaýy men ulaltmazdan egoizmiň egsilmez çeşmesi diýip atlandyryp biljek. Çagalarda beýle ýagdaýyň döremegine ýol berme. Goý, adam beýlekiler bilen mylakatly, rehimdar bolşy ýaly, öz-özüne hem mähirli bolsun.
Nebsiň agyrmany we söýmäni başar. Ata söýgüsi endige görä däl-de, parasatly bolmalydyr. Goý, bu nesihatlar ýaşuly nesliň ýaş kiçilere öwredýän tejribesiniň dänejikleri bolsun.
Bagt hakyndaky, çagalaryň şatlyklary hakyndaky gürrüň ata-eneleriň we mugallymlaryň iň üns bermeli zadydyr. Terbiýe işinde ata-enäniň parasatlylygy çaga bagtyna nähili garaýanlygynda bildirýär diýsek ulaltma bolmaz. Mugallymçylyk parasatynyň iň möhüm çeşmeleriniň biri bagta garaýyşdadyr. Çaga bagty — munuň özi ot mysalydyr, onuň haýsy ugra gönükdirilişine baglylykda adamlary ýyladyp hem, howply ýangyn döredip hem biler. Özüme galsa, alym mugallymlar bilen ata-eneleriň uly ylmy konferensiýasyny çagyryp, onda çaga bagty diýen ýeke meseläni maslahata goýardym. Eger bu mesele nazary we amaly taýdan dogry çözülse, terbiýe meselesiniň kynçylyklarynyň gylla ýary ýok bolar. Adamlar bilen köptaraply gatnaşyklarynyň kemala gelmegi dünýä aň we ýürek bilen akyl ýetirýän adamyň öňünde bagtyň açylyşyna, ynsan jemgyýetinde doglup, heniz adam bolup ýetişmedik jandaryň öňünde ony biziň açyp bilşimize baglydyr.
Çagalary terbiýelemäge gatnaşýan, olaryň ykbaly — halkyň geljegi üçin jogapkär adamlar bolan biziň hemmämiz çagalary bagt diýen zadyň nämelegini bilmeýän maşgalalaryň barlygy üçin howsalalanýarys. Islän zatlary aladaçyl ata-ene tarapyndan bitirilip, durmuşlary ünjüsiz, kir-kimirsiz geçip duran çagalaryň geljegine ýüregiň gyýylýar. Taýyn aşyň eýesi edýän bu elpe-şelpelik, tükeniksiz eşret ýagdyrmak çagalyk ýyllaryndan çuň kök uran özdiýenliligi, isleg bilen talaby bilmezligi, özünden başgalaryň eşretini islemäge, ymtylmaga bolan ukypsyzlygy döredýär. Biziň jemgyýetimiziň ahlak baýlygy olara ýetdirmeýär, onsoň mekdep adamda hakyky ynsanyýetçiligi açmak üçin köp güýç sarp etmeli bolýar. Meniň terbiýeleýjilik idealym adamyň maşgaladaky, jemgyýetdäki bagtynyň alada ýugrulan, ynjalyksyz, howsalaly bagt bolmagydyr. Meniň pikirimçe, terbiýäniň esasy tarapy kiçijik adamda güýçli duýgulary, rehimdarlygy, elinden gelen kömegi etmegini kemala getirmekdir.
Taýýarlan: Sülgünjemal HANGELDIÝEWA,
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta
mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.