JEMGYÝET, MAŞGALA, TERBIÝE

Jemgyýetiň sazlaşykly ösüşinde, döwre görä kämilleşmeginde ýaşlaryň paýy örän uludyr. Nesil terbiýesi hakyndaky mesele hiç bir döwürde-de öz wajyplygyny ýitirmän gelýär. Bu babatda maşgala bilen jemgyýetiň özara baglanyşygy, hyzmatdaşlygy  möhümdir. Milli özboluşlylyk, edebi-taryhy gymmatlyklar, däp-dessurlar maşgala terbiýesiniň özenini emele getirýär. Hut şu nukdaýnazardan hem maşgalanyň jemgyýetden üzňe däldigi äşgär duýulýar.

Pederlerimiziň synçylygy esasynda dörän milli oýunlar, medeniýetimiziň we sungatymyzyň baý genji-hazynasy hasaplanylýan aýdym-sazlar, edebi-çeper eserler, halk döredijiligi edep-terbiýäniň egsilmez çeşmeleridir. Halkymyzyň döreden watançylyk, ynsanperwerlik terbiýe mekdepleri bilen tanyşdygyňça onuň gözýetiminiň ümmülmezdigine, durmuşy çuňňur beýan edýändigine göz ýetirýärsiň.

Jemgyýetiň ösüşinde we adamzat nesliniň barha kämilleşmeginde terbiýe möhüm ähmiýete eýe. Terbiýe pederleriň toplan baý durmuş tejribesi, özleşdiren ylymlary we medeniýeti bilen kemala gelýär. Milli terbiýe çagany durmuşa taýýarlamak bilen birlikde jemgyýetiň ösüşine öz goşandyny goşjak şahsyýetleri kemala getirmeklige hem gönükdirilendir.

Özboluşly terbiýe mekdebini döreden pederlerimiz adamy akyl we beden, duýgy we ruhy taýdan terbiýelemegi derwaýys hasaplapdyrlar. Ynsanda ruhy gözelligi we akyl kämilligini kemala getirmek terbiýäniň esasy maksatlarynyň biridir. Aňy sagdyn, ýüregi päkize ynsanyň edep-ekramy, hüý-häsiýeti hem gözeldir. Pederlerimiz çagalara söz arkaly öwüt we hereket arkaly görelde bolmak bilen terbiýe beripdirler. Şonuň üçin il içinde «Ogul — atadan, gyz — eneden görelde alar» diýilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer». «Döwlet guşy», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitaplarynda milli we ählumumy derejede taryhy-edebi ähmiýetli, terbiýeçilik mazmunly medeni mirasymyza degişli täze filosofik ylmy nazaryýetleriň — taglymatlaryň jemlenmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hünär edebi, maşgala ahlagy, ylmy başarnyklary, milli däp-dessurlary, döredijilik kämilligi, ömürleri we ykballary bezeýän terbiýeçilik işleri bilen bagly durmuş medeniýetinde görkezýän halypalyk sapaklary, görelde mekdebi, jemgyýetçilik ussatlygy durmuş ýolumyza öçmejek şamçyrag bolýar. Halkymyzyň köpöwüşginli terbiýeçilik mekdebini öwrenmekde, olar bilen  bagly bilimleriň täze binýadyny esaslandyrmakda we umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz etmekde, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, mertebesi belent, işleri rowaç bolsun!

 

Dädebaý PÄLWANOW,

Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR