YKBAL

Halypa ýol bilen barýan eken. Bir jaýyň gabadyna geleninde agydygy, aýdymdygy saýgartmaýan sesi eşidip, diň salyp durupdyr. Taryna kakylýan guralyň owazyna goşulyp, şeýle setirler ýaňlanýan eken: «Ah, kaka! Ah, eje! Ah, tebigat, Ah, adamlar!..»

Ölügsi çykýan ses bir bendi tamamlapdyr.

— Seniň beýle aýdym aýtmagyň sebäbi näme? — diýip, öýe giren halypa ol adamdan sorapdyr.

Şonda ol adam şeýle jogap beripdir:

— Men özümi bu hala salan kişiniň kimligini biljek bolup jan çekdim, emma hiç bilip bilemok. Eýsem, kakam bilen ejem meniň şunuň ýaly garyp bolmagymy isledilermikä? Asman-a hemmämiziň üstümizi des-deň örtýär, ýer bolsa ählimizi deň göterip dur. Meni garyp eder ýaly asman bilen zeminiň hem mende köýüp ýatan ary ýokdur ahbetin. Köp gözledim, ýöne meni beýle güne saljak hiç bir kimi tapyp bilmedim. Diýmek meni bu hala salan ykbal bolmaly-da...

 

“NAŞYJA SOWGATLAR” atly kitabyndan.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR