IŇ OŇAT MIRAS

Müsür we Rum hökümdarlary ylalaşyk arkaly dawalaryň öňüni alyp, dostluk ähtini baglaşypdyrlar. Dostlugy has-da berkitmek maksady bilen, Müsür hökümdary öz gyzyny Rum hökümdarynyň ogluna beripdir. Rum hökümdary hem öz gyzyny onuň ogluna nikalapdyr. Şeýlelik bilen, iki hökümdaryň arasynda gudaçylyk gatnaşygy ýola goýlupdyr. Bu gatnaşyk sebäpli, iki tarapdan ilçi we hatlaryň gelmegi has-da artypdyr. Hökümdarlar häli-şindi biri-birleri bilen maslahatlaşyp, iş alyp barypdyrlar.

Günlerde bir gün Müsür hökümdary gudasyna şeýle mazmunly hat ýollapdyr: «Gözlerimiziň göreji bolan perzentlerimiz bizden soň hem rahat we şat ýaşar ýaly şu wagtdan başlap aladasyny etmeli. Men oglum üçin örän baý hazyna taýýar etdim. Owadan bag we ymarat gurdum. Sizem giýewim bolan ogluňyz üçin şeýle eden bolsaňyz gerek?!».

Rum hökümdary gudasynyň hatyny hoşallyk bilen kabul edipdir we jogap hökmünde hat ýollapdyr: «Men size görä başgaçarak ýol tutupdym. Maddy baýlyga ynam ýokdur. Olara üns hem bermeýärin. Şonuň üçin men ogluma hazyna däl, ylym, hünär, edep, ahlagy miras galdyrmak isleýärin. Oglumyň ylymly, edepli, ahlakly bolmagy üçin terbiýe berdim we edep lybasy bilen ony bezedim. Oňa iň oňat häsiýetleri, iň kämil terbiýäni miras galdyrýaryn. Hazynanyň güýji bir gün pese gaçyp, onuň gadyr-gymmaty bolmaz, emma edep welin, hiç wagt gadyr-gymmatyny ýitirmez» — diýip, paýhasly jogap ýollapdyr.

Müsür hökümdary gudasynyň hatyny okap: «Gudam dogry aýdýar. Edep, ahlak altyndan hem gymmatlydyr» — diýip, onuň sözlerini makullapdyr we netije çykarypdyr.

 

Taýýarlan Gurbanmyrat GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 9 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 76 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY