Ussat ulama, dana akyldar we beýik alym Nejmeddin Kubra Köneürgençde ýaşap, beýik taglymatlary döredip, dünýä tanalypdyr. Beýik piriň taglymatlary Gadymy Köneürgenjiň ylmy genji hazynasynda möhüm orun alypdyr. Ylmy mirasynyň nusgalarynyň azdygyna garamazdan, biziň günlerimize çenli bar bolanlary dünýäniň birnäçe kitaphanalarynda we ylmy merkezlerinde saklanyp gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda halkymyzyň gadymdan gelýän ylmy-edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä ýaýratmakda giň mümkinçilikleriň döredilmegi bilen taryhçylarymyz we alymlarymyz dana piriň ylmy-edebi taglymatlaryny yzygiderli öwrenip, halkymyza ýetirýär.
Beýik alymyň eserlerinde sopuçylygyň ylmy we amaly meseleleri ör-boýuna galýar. «Şarhus-sunna we al-masolih» («Hadyslaryň we nesihatlaryň düşündirişi») eseri bu ugurda möhüm ähmiýete eýe bolan eserleriň biridir. Munda öňe sürülýän pikir-garaýyşlar we nesihatlar ylmylygy bilen alymlaryň bada-bat ünsüni çekýär. Öz döwrüniň ussat ulamalary şu eserden ruhlanyp, köp sanly eserleri döredipdirler. Nejmeddin Kubranyň sopuçylyk taglymatynyň çür başynda duran pikirleri onuň düýpli ylmy-analitiki «Fawaýihu-l-Jemal wa fawatihu-l-Jelal», ýagny «Gözelligiň (Allanyň) müşki we Beýikligiň (Allanyň) gözbaşy», «Risalatu fi salasati anwai-t-tasawwuf», ýagny, «Sopuçylygyň üç görnüşi hakda risala» atly eserlerinde eriş-argaç bolup geçýär. Sopuçylyk taglymatynyň ýörelgeleri, Allanyň ýoluna düşen sopynyň öňünde duran wezipeleri, sopuçylyk adalgalary we düşündirişleri giňişleýin beýan edilýär. Alymyň «Usulu-i-aşara», ýagny «On usul» eserinde bolsa, bu ugurda takyk delillere salgylanylýar.
Nejmeddin Kubra diňe bir ylmy eserleri döretmän, rubagylary ýazmakda hem ussatlyk derejesine ýetipdir. Akyldaryň rubagylarynda halallyk ýörelgeleri, ynsana ýagşylyk etmek pikirleri, ahlak arassalygynyň kadalary öňe sürlüpdir. Rubagylarda dana pikirleriň orta atylmagy, dürdäne setirleriň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Haka barýan halal ýoly öňe süren we hakykaty dünýä aýan eden Nejmeddin Kubra gymmatly ylmy mirasy bilen dünýäde özüniň mynasyp ornuna eýe bolýar. Beýik piriň gaýduwsyzlygy we edermenligi baradaky rowaýatlar gadymy Köneürgenjiň taryhynda uly yz galdyran taryhy şahsyýetdigini aýdyň subut edýär. Nejmeddin Kubranyň aramgähi Köneürgenç ýadygärlikler toplumynda ýerleşýän «360 pir» gonamçylygynyň möhüm bölegidir. Bu ýere gelýän zyýaratçylaryň yzy üzülmeýär. Diňe bir ýurdumyzda däl, dünýä ýurtlaryndan hem köp sanly adamlar zyýarata gelip, mukaddes aramgähe sežde edýärler.
Türkmen taryhyny, ylmy mirasyny, edebi gymmatlyklaryny öwrenmäge we dünýä tanatmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gurbanmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.