TAMDYRYŇ GUDRATY

Halkymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara juda baý halk. Türkmen ojagyny tamdyrsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Irki döwürlerde bäş-alty hojalyk bolup bir tamdyrda çörek ýapypdyrlar. Çörek ýapmagyň edebi ene-mamalarymyzyň ýörelgeleri bilen biziň şu günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Çagakam ejem çörek ýapanda, ylgap ýanyna barardym. Ol maňa gyzgynjak çöregi suwa batyryp bererdi. Tamdyryň başyndaky gyzgynjak çöregi iýmegiň lezzeti başgady. Ejem her gezek çöregi tamdyra ýelmäninde, «Bissimylla pir pugta, men ýapaýyn sen togta» diýýärdi. Menem geň galyjylyk bilen, muny ejemden soranymda: «Her zadyň öz piri bolýar. Tamdyryň piri Pir pugtadyr. Çörek ýapanyňda, şu sözi aýtsaň, çöregiň aý ýaly owadan bolup çykýar diýip ynanylýar» diýip düşündirip bererdi. Ata-babalarymyz «Hamyra ýumruk, gyza çümmük» diýýär.

Bir gezek şeýle waka boldy. Ir säher bilen turup, ertirlik edinenimde, öýde çöregiň gutaranyny bilip, hamyr etmäge durdum. Hamyr alýança, başga işlerim bilen gümra boldum. Çörek alandan soň, tamdyra odun goýberip, gyzardyp ýapdym. Şol pursatlar öýe myhman gelipdi. Olar Sadap eje bilen Gülaý gelnejedi. Ikisem ejem bilen deň-duş bolup, käýarym biri-biriniňkä myhmançylyga barýardylar. Ejem bu gezek gyzynyň elinden mele-myssyk çörek iýmäge çagyrypdyr. Goňşular könäni ýatlaşyp oturdylar. Myhmanlara hödür-kerem edip, çaý-suw hödürledim. Howlukmaçlyk bilen çöregi ýapandygym üçinmi, tamdyryň gapagyny ýapmak ýadymdan çykypdyr. Howry çykan tamdyryň gapagyny ýapaýyn diýip howul-hara ylgap baryp, ýapmaga durdym. Şol mahal tamdyryň içinde galan bir çörege gözüm düşdi. Geň-galyjylyk bilen seredip, oýlanyp durşuma bolan waka haýran galdym. Ähli çörekleri goparanym ýadymdady. Ýaňky çöregi öýe getirip, myhmanlaryň öňünde goýdum we bolan wakany gürrüň berdim. Sadap eje dessine çöregi maňlaýyna degrip: «Gyzym, muňa Hydyr gören çörek diýýärler. Bu ýagdaý hemme wagtam bolup durmaýar. Seniň  bişiren çöregiňi Hydyr ata görüpdir. Bu bir gudrat ahyry!» diýip, höwes bilen iýip, maňa buýsanç bilen seretdi. Men muňa haýran bolup, tamdyryň gudratyna ýene bir gezek göz ýetirdim.

 

Altyn HOJAMOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň

pensiýa gaznasy bölüminiň başlygynyň kätibi,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 9 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 76 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY