EL HÜNÄRI IL GEZER

Gözbaşyny örän aňyrlardan alyp gaýdýan milli egin-başlar gözelligiň, ajaýyplygyň çugdamy bolup dur. Edep-ekramlylykda, sadadan sypaýy geýinmekde ene-mamalarymyz bize nusgalyk miras goýup gidipdirler. Ylaýta-da, olar egin-eşik tikenlerinde hiç bir zady ünsden düşürmändirler. Mata-marlygyň bir bölegini-de yrýa etmändirler. Biziň ene-mamalarymyz köýnek tikenlerinde galan bölek matalary ýerli-ýerinde goýup tikmegi, sünnäläp timarlamagy, nagyşlardyr alajalar, aldymgaçdyr jähekler bilen bezemegi ussatlyk bilen başarypdyrlar.

Ene-mamalarymyz «Doga ýaly begeýigiň düýe ýaly haýry bar» diýip, ýönelige aýtmandyrlar. Kiçijik gyzjagazlara we garry aýallara köýnek tikilende, ýeň bilen ýanyň birigýän ýerine üçburçluk görnüşde bölejik begeýik ýelmense rahatlyga peýdasy köp.

Ýagyrniçligiňem peýdasy begeýigiňkiden pes däl. Irki döwürlerde ene-mamalarymyz köýnekleriniň iç ýüzünden, käbir ýagdaýlarda daş ýüzündenem ýagyrniçlik tutupdyrlar. Ol bolsa meýdanda işlänlerinde köýneklerini günüň soldurmagyndan we adam bedenine Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden gorapdyr.

Köýnek tikilende ýeňsapynyň hem öz orny bar. Köýnegiň ýeňiniň agzyna dört barmak ýasylykda seplenen bölegiň uzynlyga peýdasy bar. Şol urlan bölegiň sepi bildirmez ýaly jäheklenip, nagyş bilen bezelipdir. Ýeňsapy çabytdyr begres donlary hem gelşigine getirýär.

Ýurt Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra türkmen gelin-gyzlarynyň el hünärlerine hormat-sylag has-da artdy. Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyzy gaýtaryp bermegi gelin-gyzlaryň el hünärleriniň gülläp ösmegine, kämilleşmegine has-da giň ýol açdy. Öz hususy işini açyp, ýörite keşdedir nagyşlary edýän zenanlarymyzyň sany artdy. Goý, ilimizde zenan kalbynyň ajaýyp aýdymy bolup şöhle saçýan nagyşlarymyzyň gül görki gözel bolsun!

 

Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň

Gubadag şäher kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 9 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 76 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY