Ýurdumyzda ýaş nesiller baradaky giň gerimli aladalar, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrundaky tagallalar jemgyýetiň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny pugtalandyryp, döwrümiziň belent ruhy joşguny bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenýän ýaşlara bildirilýän uly ynamyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz Watanymyz beýik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde türkmen ýaşlaryna uly orun degişlidir» diýip aýdan sözlerinden ruhlanýan, ykbaly galkynan ýaş nesillerimiziň bu gün ümzükleri ileri, maksatlary aýdyň.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil ylym-bilim almaklary, sport bilen meşgullanmaklary, hünär öwrenmekleri, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler, ähli döwrebap şertler yzygiderli döredilýär.
Bu günki gün bagtyýar ýaşlarymyz bilim we terbiýe alyp, döwrebap tehnologiýalara erk edip, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine eýe bolýarlar. Häzirki ylym-bilimiň ösýän döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde sanly ulgama aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda: «Men özüme bildirilen örän uly ynama ýokary baha berýärin. Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýip aýtmagy bolsa bagtyýar ýaşlaryň watançylyk ruhuny has belende göterýär.
Döwlet Baştutanymyz döwletiň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär, ösen bilim ulgamyny halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň çeşmesi hasaplaýar. Olaryň döredijilik hyjuwlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär.
Ýaşlar geljegi gurujylardyr. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda Arkadagly zamanamyzyň ýaşlary döwletimiziň ösüşlerine saldamly goşant goşmak bilen, hakykatdan-da, ýagty ertirlerimizi gurýarlar. Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin zähmet çekmegi, okamagy, gurmagy, döretmegi başarmalydyrys. Bu bolsa abadançylygyň, gülläp ösüşiň, nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagynyň kepilidir.
Ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy, ylym, hünär öwrenmegi, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň hatyrasyna alyp barýan tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.