Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi şäheriň «Bagtyýar zaman» medeniýet öýünde Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Ylym — ösüşleriň binýady» atly şygar astynda aýdym-sazly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilimli bolmagy, işine ökde hünärmenler, eziz Watanymyza wepaly nesiller, bagtyýar zamananyň kämil şahsyýetleri bolup ýetişmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň höwesjeňleriniň Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýerine ýetiren aýdymlary wagyz-nesihat duşuşygynyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Abul HAÝTBAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.