YLYM — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi şäheriň «Bagtyýar zaman» medeniýet öýünde Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Ylym — ösüşleriň binýady» atly şygar astynda aýdym-sazly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilimli bolmagy, işine ökde hünärmenler, eziz Watanymyza wepaly nesiller, bagtyýar zamananyň kämil şahsyýetleri bolup ýetişmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň höwesjeňleriniň Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýerine ýetiren aýdymlary wagyz-nesihat duşuşygynyň täsirliligini has-da artdyrdy.

 

Abul HAÝTBAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Noýabr 2025 | 37 okalan

ÝAŞLAR ÖŇE BARÝAR BATLY GADAMLAR BILEN!

14 Noýabr 2025 | 35 okalan

ÝURT ABADAN — IL ABAT

14 Noýabr 2025 | 45 okalan

WATANYŇ BUÝSANJY BAGTYÝAR ÝAŞLAR