Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar etmek, raýatlara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä derejesine ýetirmek, ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegini gazanmak, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Meýilnamanyň esasy maksady ýurdumyzy temmäkiden azat ýurda öwürmek babatda durmuşa geçirilýän syýasata işjeň gatnaşmaga we ilatyň arasynda temmäkä bolan islegi azaltmaga, ýok etmäge hem-de temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada ilatyň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ýaramaz endiklerden ýüz öwürmek, beden we ruhy taýdan sagdynlyga aýratyn ähmiýet beren ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etmek, häzirki türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy ugurlaryny berkarar etmek köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Häzir Türkmenistan temmäkä garşy ählumumy hereketiň ençeme ugurlary boýunça öňdebaryjy hökmünde çykyş edýär hem-de dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işlere mynasyp goşandyny goşmaga çalşyp, temmäkiniň ulanylmagyna garşy işleri alyp barýar.
Ýurdumyzy temmäkiden azat etmek üçin halkymyzyň aladasyny edýän Döwlet Baştutanymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Şamyrat NAZAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.