RUHY PÄKLIGIŇ BAÝRAMY

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri häzirki ajaýyp döwrümizde mynasyp dowam etdirilýär. Milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň üstünlikli dowam etdirilmegi her birimiziň buýsanjymyzy artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň köpasyrlyk milli däp-dessurlaryny berjaý etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bu däp-dessurlar türkmen jemgyýetiniň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlygydyr, umumadamzat medeniýetine goşan goşandydyr. Bütin durky bilen halallyga, arassa ahlaklylyga uýan ata-babalarymyz dost-doganlygy, hoşniýetliligi, birek-birege ýagşylyk etmegi durmuş kadasyna öwrüpdir.

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan däp-dessurlarymyzy, yrym-ynançlarymyzy öz içine alýan baýramlaryň biri hem Gurban baýramydyr. Gadymy döwürlerde ýazylan edebi-ylmy çeşmelerde Gurban aýynyň hem edil Oraza aýy ýaly iň mertebeli, bereketli aýlaryň biridigi bellenilýär. Hat-da ýagşy amallara ýazylýan sogaplar babatda Gurban aýynyň ilkinji on gününiň has uly artykmaçlyga eýedigi, şol günlerde agyz beklemek yzygider ýagşy dileg-dogalar etmek, diňe halal gazanç hakda pikir etmek, özüňe hem özgelere adalatly garamak, birek-birege kömek etmek, ýagşylyk sahawat etmek, gamgyn göwni begendirmek, ýüreklere umyt çaýmak ýaly amallaryň eý görülýändigi aýdylýar. Ilkinji ongünlügiň bu artykmaçlygyna Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyny okanyňda has çuňňur göz ýetirmek bolýar.

Ruhy päkligiň baýramy bolan Gurban baýramy çuňňur many-mazmuna eýe bolup, bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat-erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar, adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýguny berkidýär. Päklige, halallyga, muhabbete eýlenen bu baýram türkmen halky üçin hem iň bir eziz, ýürege ýakyn baýramlaryň biridir. Bu baýrama ulular bilen bir hatarda bagtyýar çagajyklarymyz hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän milli däp-dessurlara eýerip, Gurban baýramynda halkymyz dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary bilen bir supranyň başynda jemlenýärler. «Gurbanlyk» sözi, aslynda «ýakynlaşmak, ýakyn bolmak» diýen manyny aňladýar. Ata-babalarymyz Gurban baýramynda edilen arzuw-islegleriň, ýürege düwlen päk-niýetleriň hasyl bolýandygyny aýdypdyrlar. Bu baýramyň öň ýanynda öýke-kineli adamlar ýaraşypdyrlar. Gurban baýramynyň ilkinji gününde säher bilen janly soýlup, gurbanşor edip, gazanlar atarylyp, dogramadyr palow we mundan başga-da türkmeniň milli tagamlary bişirilýär. Şeýle hem baýram günlerinde öý-içeriniň hemme ýeri tämizlenip arassalanylýar. Ruhy päkligiň baýramynda täze egin-eşik geýlip ýagşy arzuwlar edilýär. Ýyllar boýy dowam edip gelýän bu baýramda uly-kiçi, hemme kişi lybasyny täzelemegi sogap hasaplaýar. Eger täze köýnegi tikinmäge mümkinçiligi bolmanda, köýnegiň bagjygyny täzelemek hem däp bolupdyr.

Gurban baýramy barada söz açylanda, dili basyk ýa-da ýaňy geplemäge başlan çagalar gurban edilen janlynyň dilini iýdirmegiň däbe öwürlendigini hem bellemek gerek. Maşgalada Gurban aýynda doglan oglanjyklara Gurban, Gurbangeldi, Gurbanmyrat, Gurbandurdy, gyzjagazlara bolsa, Gurbangül, Gurbangözel, Gurbanjemal ýaly atlar dakylypdyr.

Şeýle asylly niýetleriň ýene biri hem käbä gitmekdir. Ol mukaddes ýere Gurban aýynda, hasam Gurban baýramynda gitmek parz hasaplanýar. Şeýle bolonsoň, baýram günlerinde ene-mamalarymyz, ýaşuly nesil şol tarapa ýedi ädim ädip, ýüreklerini ýagşy niýetdir arzuwlara besläpdirler. Bu günki gün halkymyzyň şol arzuw-isleglerini amala aşyryp, baýramçylygyň öňüsyrasynda, türkmen zyýaratçylarynyň uly toparynyň Mekgä we Medinä haj zyýaratyny amal etmekleri üçin Saud arabystany Patyşalygyna ugradylmagy milli ruhy gymmatlyklarymyza, şeýle-de medeni däp-dessurlarymyza ygrarlydygyny subut edýär.

Türkmençilik däplerinde Gurban baýramynda edilýän ýörite däp-dessurlar, edim-gylymlar häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşginlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmek bilen Gurban baýramyny döwrebap röwüşde, şatlyk-şowhunly belläp geçmek üçin ähli şertleri döredýär.

Şu pursatda mübärek Gurban aýynda haç parzyny berjaý etmäge giden ildeşlerimiziň haç parzlarynyň, il-halkymyzyň agzybirligi, ýurdumyzyň asudalygy, berkararlygy üçin edýän doga-dilegleriniň kabul bolmagyny arzuw edýärin. Ata Watanymyzda milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilmegi üçin taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin! Gurban baýramyňyz gutly-mübärek bolsun, doga-dilegleriňiz kabul bolsun, mähriban ildeşler!

 

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY