Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Ylymlar güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde etrabyň köpsanly ýaşlarynyň, ýaşuly nesilleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Ylym — ýaşaýyşyň gözbaşy» ady bilen dabaraly çäre geçirildi.
Dabarada çykyşlara giň orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym pudagyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän ägirt uly işler dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.
Dabara medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşyp, oňa gatnaşyjylara has-da uly ruhy lezzet berdi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.