Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamakda halal zähmetlerini gaýgyrman zähmet çekýän ýaş kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, sürüjileriň arasynda dabaraly çäre geçirildi.
Onda etrap medeniýet bölüminiň şirin owazly bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar has-da belentden ýaňlanyp, ýerden bol hasyl almak ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýan ýaşlarymyzyň armasyny ýetirip, halal zähmete bolan höweslerini has-da artdyrdy. On günligiň jemine bagyşlanyp geçirilen çärede öňdebaryjy ýaş kärendeçilere, kombaýnçylara we sürüjilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýaş kärendeçilerimiz oba hojalyk ulgamynyň işgärlerine halal zähmet çekmäne döredip berýän ähli mümkinçilikleridir şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini uly joşgun bilen beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.