TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTYNA KABUL EDILŞIK

DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTYNA 2020/2021-NJI ÝYLDA OKUWA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Dil bi­li­mi we ede­bi­ýa­ty öw­ren­mek (taýýarlygyň ugurlary: iňlis dilini okatmagyň usulyýeti; nemes dili; fransuz dili; rus dilini okatmagyň usulyýeti; ispan dili).

Tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň ugurlary:

1. Dil bi­li­mi we ede­bi­ýa­ty öw­ren­mek (taýýarlygyň ugurlary: italýan dili; iňlis dilini okatmagyň usulyýeti; terjime we terjimeçilik işi (iňlis dili); nemes dili; fransuz dili; rus dilini okatmagyň usulyýeti; terjime we terjimeçilik işi (rus dili); arap dili; pars dili; türk dili; hytaý dili; ýapon dili; koreý dili; hindi dili; türkmen dilini okatmagyň usulyýeti).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 24-i, 25-i we 26-sy günleri;

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 30-y, 31-i, we awgust aýynyň 1-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 9-y we 10-y günleri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

Dil bi­li­mi we ede­bi­ýa­ty öw­ren­mek ugry:

rus di­li­ni okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti; ter­ji­me we ter­ji­me­çi­lik işi (rus di­li); ne­mes di­li; fran­suz di­li; arap di­li; pars di­li; türk di­li; hy­taý di­li hünärleri — saýlap alan hünär dili ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

iň­lis di­li­ni okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti; ter­ji­me we ter­ji­me­çi­lik işi (iň­lis di­li); ital­ýan di­li; is­pan dili; ýa­pon di­li; ko­reý di­li; hin­di di­li hünärleri — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

türk­men di­li­ni okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti taý­ýarly­gyň ugry — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda dilden geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça synag döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Aba An­na­ýew kö­çe­si, 47, tel.: 34-67-17.