ÝAŞLYGYMYZYŇ BELENT YLHAM JOŞGUNY, ŞYGRA BESLÄR BU BAGTYÝAR WATANY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň Ilkinji Ýaşlar guramasy bilen bilelikde, şahamçanyň mejlisler jaýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, «Ýaşlygymyzyň belent ylham joşguny, şygra beslär bu bagtyýar Watany» ady bilen baýramçylyk çäresini geçirdi. Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň «Aýdym aýtmak sungaty» bölüminiň 3-nji ýyl talyplary, ýaşlaryň söýgüsini gazanan sungatyň ýaş wekilleri Pälwanmyrat Bakyýewiň hem-de Saparmyrat Aşyrowyň eziz Watanymyzy, abadan ýurdumyzy, bagtyýar ýaşlygy, päk söýgini wasp edip, ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary çärä gatnaşanlarda ýakymly täsirler galdyrdy. Şahamçada zähmet çekýän ýaşlar welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän medeni-köpçülikleýin, syýasy-jemgyýetçilik çärelere hem işjeň gatnaşýarlar.

Dabara gatnaşanlar şeýle eşretli, parahat zamanada ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge, döretmäge, halal zähmet çekmäge ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 9 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 76 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY