GADYMY EL IŞLERIMIZIŇ MYNASYP DOWAMY

Eli çeper gelin-gyzlarymyzyň sünnäläp ýerine ýetiren el işlerini synlanyňda, olaryň örän gadymy nusgalardygyna göz ýetirýärsiň. Keşdeçilik, dokmaçylyk we haly sungatynyň taryhy kökle riniň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyna taryhy çeşmeler şaýatlyk edýär. Gelin-gyzlarymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawynda mynasyp orun alan keşdeçilik sungaty bilen ugurdaş tikinçilik senedi hem öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Muňa tikinçilik işi bilen bagly dilimiziň baýlygy hasaplanylýan sözleriň, söz düzümleriniň mysalynda hem anyk göz ýetirmek mümkin.

Halkyň hakydasyna ornan tikinçilik bilen bagly gadymy sözler bilen gyzyklananyňda, tikin tikmegiň ençeme görnüşleriniň bardygyna şaýat bolýarsyň. «Depjemek», «gabşyrmak», «gasmak», «köpemek», «torlamak», «ýörmemek» ýaly sözler tikin tikilende matalaryň biri-birine çatylyşyndaky, iňňe sanjylyşyndaky aýratynlyklara görä ýüze çykan usullary tapawutlandyrmak üçin ulanylýan milli adalgalardyr. Şundan hem görnüşi ýaly, gelin-gyzlarymyzyň tikinçilik el işleriniň örän gadymydygyna göz ýetirmek mümkin. «Iňňe bilen sungat, pil bilen zähmet» döreden halkyň zähmete bolan söýgüsinden, hünäre bolan yhlasyndan emele gelen milli gymmatlyklarymyzy bu günki günde ýaş nesillere öwretmekde bir näçe işler durmuşa geçirilýär.

Şemşat ETREKOWA,

Daşoguz şäherindäki

39-njy çagalar bakja-bagynyň

terbiýeçi -usulyýetçisi.

Meňzeş habarlar