Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrap medeniýet öýünde «Sagdyn durmuş – bagtyýar geljek» atly wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi. Gyz-gelinleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, ahlak arassalygyny, maşgala mukaddesligini, ýaşlara milli ýörelgelerimize mahsus terbiýe bermekligi wagyz etmek maksady bilen geçirilen ýygnaga dürli pudaklarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler gatnaşdylar. Wagyz-nesihat ýygnagynyň dowamynda Görogly etrabynyň ýaşaýjysy, mährem ene Sapartäç Meredowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy, etrap Zenanlar guramasynyň başlygynyň orunbasary Şasenem Orazowa, TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň bölüm müdiri Altyn Atakowa, etrap hassahanasynyň lukmany Gülälek Täjibaýewa, etrap RÝNÝ bölüminiň müdiri Nurgözel Ataweliýewa, etrabyň merkezi kitaphanasynyň işgäri Ogulboldy Öwezowa dagylaryň eden çykyşlarynda her bir türkmen maşgalasynda ata-babalarymyzdan gelýän ajaýyp däplere eýerilmeginiň, maşgalada kemala gelýän çagalaryň asylly däpler esasynda terbiýelenmeginiň, gaýyn-gelin gatnaşygynyň, birek-birege bolan sylag-hormatyň belent tutulmagynyň ähmiýeti dogrusynda beren gürrüňleri täsirli boldy. Çykyşlarda türkmen maşgalasynyň mizemez sütüni hasaplanýan edep-ekram, ahlaklylyk, belent adamkärçilik, agzybirlik ýaly mukaddes ýörelgelerden ugur alyp, maşgalanyň binýadyny berkden tutmagyň halkymyza mahsus häsiýetleriň biridigi nygtaldy. Şeýle hem, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary, beýik özgertmeleri ilat köpçüliginiň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde, maşgala agzybirligi, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak bilen baglylykda olaryň saglygyny goramakda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli çykyşlara giň orun berildi.
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.