Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde “bogursak”, beýleki sebitlerde “pişme” ady bilen belli bolan süýji tagamly, ýagda gowrulyp bişirilýän üçburç şekilli iýmitiň özboluşly taryhy bardyr. Rowaýata görä, Garahanylar döwletini guran, oguz nesillerinden bolan Bogra han ýörişleriniň birinde ýolda bugdaý unundan ýaga gowrulyp bişirilen iýmiti iýmek isläp, aşpezine taýýarlamagy buýrupdyr. Aşpez derhal bugdaý unundan hamyr edip, romb görnüşinde kesip, ýol üstünde ony ýaga daglaýar. Tagam hana şeýle bir ýarapdyr welin, ony gaýta taýýarlamagy buýrupdyr. Bogra han: «Şu günden şeýläk bu nahara Bogra hanyň nahary-bogursak» diýilsin diýipdir. Şondan soň, han bu tagamy toý-meýlislerde gaýry han-beglere hödürläp, iň arzyly tagam hökmünde ony derejeläpdir.
Eýsem, bogursagy nähili bişirmeli? Bogursak bişirmäge niýetlenen hamyry zowalalara bölüp, gezekli-gezegine aş tagtada oklaw bilen ýukarak edip ýaýmaly. Ýaýylan hamyrlary üçburç görnüşinde kesmeli. Kesilen hamyrlary biri-birine ýelmeşmez ýaly, saçagyň üstüne örmeli. Ep-esli köýdürilip ýanan pagta ýagyny guýup, ody hem ýiteldip, bogursagy bişirip başlamaly. Kepgir bilen olary eýlesine-beýlesine agdaryp, gyzardyp bişirmeli. Has gowy gyzaran bogursak süýji bolýar. Ine-de bogursak taýýar ! Işdäňiz açyk bolsun !
Altyn HOJAMOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pensiýa
gaznasy bölüminiň başlygynyň kätibi, Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.