Hormatly Prezidentimiziň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde temmäki önümleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Gumdag şäherçesiniň 6-njy we 7-nji sport mekdepleri bilelikde ýaşlaryň arasynda TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi we TDP-niň Balkanabat şäheriniň (Gumdag şäherçe) komiteti bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Maslahatda ösüp gelýän ýaşlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak we ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek barada täsirli gürrüň berildi.
Milli göreş we guşakly göreş boýunça oglan-gyzlaryň arasynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşda Balkan welaýatynyň türgenleri dürli agramlarda üstünlikli çykyş etdiler. Gyzlaryň arasyndaky guşakly göreş ýaryşynda 1-nji orna Merýem Ýazmämmedowa (44 kg.), Hesel Arazgeldiýewa (52 kg.), Rukiýa Mämmedowa (63 kg.), Güljemile Nurberdiýewa (+63 kg.), oglanlaryň arasynda Eldar Rüstemow (71 kg.) ýeňiji boldy. Milli göreş ýaryşynda Rüstem Hajygurbanow (52 kg.) ýeňiji boldy. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary we medallary gowşuryldy.
Amangözel EŞEROWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.