Nesil terbiýesinde, jemgyýetimiziň ahlak sagdynlygyny berkitmekde milli medeniýetimiz, sungatymyz, edebiýatymyz we özboluşly däp-dessurlarymyz egsilmez hazynadyr. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu gymmatlyklary dünýäde wagyz etmegiň, ylmy taýdan içgin öwrenmegiň berk binýadyny goýdy. Dünýä halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürýän, medeniýetleri ýakynlaşdyryp, adamzadyň miras goýan ruhy- -medeni gymmatlyklaryny geljekki nesillere ýetirmäge ýardam edýän şeýle döwletli tutumlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi buýsançly göwünlerimizi joşa getirýär.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýarlar. Şahyryň tutuş döredijiligi bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak terbiýe mekdebidir. Akyldaryň şygyrlary ýaş nesli watansöýüjilik, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem agzybir ýaşamak, berkarar döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiliginde uly orun beren dana şahyrymyzyň şygyrlary mynasyp nesilleri terbiýelemekde ýurdumyzyň ýaşlary bilen gönüden-göni iş alyp barýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy üçin hem taýsyz gollanma bolup durýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem geljek ýylda uludan toýlanjak Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli derejeli çärelere işjeň gatnaşýar. Dana şahrymyzyň adyny uly hormat bilen göterýän Magtymguly etrabynda ýurdumyzyň ýaş döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýokary ruhubelentlige beslenen täsirli dabarasy şeýle çäreleriň biri boldy. Taryhy tutumlara beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň nurana günlerinde geçirilen bu dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowana ýollaryndan öz halkyny röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ýaş zehinleriň bäsleşige hödürlän döredijilik işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämiziň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda eziz Diýarymyzda gazanylýan köp ugurly üstünlikler wasp edildi. Beýik söz ussadynyň arzuwlan zamanasynyň hözirini görüp ýaşaýan merdana halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşy taryplandy. Döredijilik bäsleşiginde aýratyn tapawutlanan, geljegine uly umyt bildirilýän zehinli ýaşlara bäsleşigi guraýjylaryň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna döwlet derejesinde uly taýýarlyk görülýän pursatlarynda geçirilen bu bäsleşik şöhratly taryhymyzy, milli medeni mirasymyzy, akyldar şahyrymyzyň döredijiligini ylmy taýdan içgin öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylýan alkyş sözleriniň hem özboluşly beýanyna öwrüldi.
Jemgyýetimiziň agzybirliginde, ahlak sagdynlygynda, nesil terbiýesinde ruhy- -medeni gymmatlyklarymyzyň ähmiýetine ýokary baha berýän mähriban Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň hemişe janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolup, durmuşa geçirýän taryhy tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Guwanç Çendirow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň
başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň
deputaty.