Arkadagly Serdarymyz: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýip nygtaýar.
Arkadagly Serdarymyzyň medeniýetimize we sungatymyza şeýle derejede uly ähmiýet bermeginiň aňrysynda uly many-mazmun bar, sebäbi medeniýet we sungat ynsanyň ruhuna nur çaýýar. Ruhy taýdan sagdyn, kämil ynsan bolsa jemgyýeti bezeýär, uly işleri durmuşa geçirmäge ukyply bolýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda döwlet derejesinde medeniýetiň, sungatyň ösmegine, kämilleşmegine, baýlaşmagyna uly üns berilýär. Medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan işler halkymyzyň medeni baýlyklaryna doly buýsanmagyna, şahsyýetiň ruhy hem-de ahlak taýdan kemala gelmeginiň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, durmuş ykdysady ösüşlerde medeniýetiň täsirini has-da güýçlendirmäge, döwrebap sanly tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak arkaly ulgamyň işiniň netijeliligini, hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.
Güneşli Diýarymyz dünýä döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklary pugtalandyrýar hem-de medeniýet, sungat köprüsini gurup, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik gatnaşyklaryny dünýä ýaýýar. Halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny aýawly saklap, ony geljekki nesillere ýetirmek ugrunda halkara guramalary bilen netijeli işleriň alnyp barylýandygy guwandyrýar. Halkymyzyň geçmişini özünde jemleýän Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýadygärlikler toplumlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen halyçylyk sungatynyň, şeýle-de dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, bulardan başga-da türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär. Munuň özi şol bir wagtda, ýurdumyzyň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyndaky abraýyny has-da belende göterýär.
Medeniýet hepdeliginiň, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralarynyň mähriban Watanymyzy gurşap alan häzirki günlerinde bular barada nygtamak buýsanjyňy goşalandyrýar. Bu dabaralaryň türkmen edebiýatynyň ösmegine, şygryýetiniň kämilleşmegine uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň toý şatlygy bilen utgaşmagy aýratyn mana eýedir. Magtymguly Pyragy berkarar döwletimiziň ruhy sütünini binýat eden danadyr. Şahyryň döredijiliginiň üsti bilen halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklary, milli dili dünýä dolýar. Söz ummanynyň ägirdi Magtymguly atamyzyň agzybirlik, dost-doganlyk, hoşniýetli gatnaşyklar baradaky arzuwlarynyň hasyl bolan ajaýyp döwrümizde giňden toýlanylýan bu baýram ýurdumyzyň agzybir ilatynyň göwün guşuny ganatlandyryp, ruhuny has-da belende göterýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly dabaralar bilen toýlanmagy diňe bir döredijilik işgärleriniň däl, eýsem, tutuş halkymyzyň medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde durmuşa geçirilýän döwletli tutumlara bolan buýsanjyny artdyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň sahawatly saýasynda uludan toýlanýan şeýle toýlarymyz hemişe toýlara ulaşsyn! Döwrümize buýsanmak, toý toýlamak bagtyny peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza ýürekden çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys!
Şirinnabat SARJAGULOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.