Ajaýyp zamanamyzda ähli ulgamlarda amala aşyrylan işler asyrlara barabardyr. Dünýä döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, hukuk we kanunçylyk ulgamlarynda, durmuş üpjünçiliginde belent sepgitlere ýetilýär. Bularyň ählisi türkmen jemgyýetiniň kämilliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň ählisiniň gözbaşynda halkymyzyň röwşen geljeginiň aladasy durýar. Arkadagly Serdarymyz nurana durmuşyň eýeleri bolan ýaşlara ýüzlenip şeýle diýýär: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys».
Özlerine bildirilýän şeýle belent ynamy ödemek täze taryhy eýýamyň belent ruhly ýaşlarynyň baş maksady bolup durýar. Munuň üçin ýaşlarymyz halkara ülňülere laýyk ylym-bilim öwrenip, dürli hünärleri ussatlyk bilen ele alýarlar hem-de ähli mümkinçilikleri döredip berýän döwlet Baştutanymyza alkyş aýdýarlar.
Amangözel EŞEROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat
şäher geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.