Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyry badalga aldy. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen körpeleriň uly topary mähirli garşylandy. Dynç alyş möwsümi başlandygy mynasybetli guralan şowhunly dürli çäreler bu meşhur zolagyň çar künjegini gurşap aldy. Şeýle çäreleriň biri hem «Daýanç» sagaldyş merkezinde geçirildi. Bagtyýar çagalarymyz dynç alyşyň ilkinji günlerinde çagalara döredilen döwrebap şertler we mümkinçilikler bilen içgin tanyşdylar. Onuň dowamynda ruhubelent körpeler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerine syn etdiler. Mawy deňziň kenaryny bezäp oturan seýilgähler, myhmanhanalar, şypahanalar, sagaldyş merkezleri, sport we beýleki dynç alyş toplumlary çagalarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri döretdi. Tomusky dynç alyş möwsüminiň bütin dowamynda çagalar bu ýerde wagtlaryny hoş geçirip, şeýle gyzykly pursatlaryň, dürli täsirli çäreleriň şaýady bolýarlar. Bu ýerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Bäsleşik örän gyzgalaňly, şadyýan we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Biz bagtly nesiller üçin giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin. Goý elmydama parahat, abadan ýurdumyzda çaga gülküsi belentden-belent ýaňlanyp dursun.
Maýagül GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.