DÖWRÜMIZIŇ ÝALKYMY, ÝAŞLARYŇ BAGTY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýyllar ýyllardan zyýada, günler günlerden bagtyýar gelýär. Ynha, her bir günümiz bagtyýar pursatlara ulaşýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy hem durmuşymyzda iň bir ýakymly pursady döretdi. Dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň ünsüni özüne çeken bu şäheriň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen düýbüniň tutulandygyny ýatlamak ýakymly. Bu «akylly» şäheriň gurluşygynda alnyp barlan işleriň ählisi-de aýratyn gözegçilikde saklandy. Şäheriň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrlarynda Milli Liderimiziň Arkadag şäherinde işlejek ýolbaşçylar bilen duşuşyp, olara birnäçe maslahatlary berendigi hemmämiziň ýadymyzda bolsa gerek. Aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyz şol mejlisde bu ajaýyp şäheriň ýaşlaryň şäherine öwrülmelidigi barada aýdanlary türkmen ýaşlarynyň ykbalyna iň bir ýakymly pursatlary bagyş etdi. Bilşimiz ýaly, bu täze döwrebap şäherde bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işlerde ýaşlaryň tekliplerine we garaýyşlaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem şähergurluşyk işlerinde we binalarda ornaşdyrylan döwrebap tehnologik ulgamlarda hem türkmen ýaşlarynyň ylmy we taslama işleriniň birnäçesi ornaşdyryldy. Hatda bu gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde hem ýaş gurluşykçylaryň aýratyn hyzmatlary bar. Ynha, görnüşi ýaly dünýäniň iň bir döwrebap şäherine öwrülen Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriniň aglaba bölegi ýaşlara degişlidir. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlaryň güýjüne, gaýratyna, yhlasyna we başarnygyna uly ynam bildirilýändigini görkezýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde kemala gelen giň dünýägaraýyşly, ösen aň-bilimli, ylmy düşünjeli türkmen ogul-gyzlarynyň ählisiniň maksady bir — Watana ak ýürekden hyzmat etmekdir. Hut şonuň üçin hem ýürekleri Watana, il-günümize, bagtyýar döwrümize bolan buýsançdan doly ýaşlarymyz özleriniň asylly zähmetleri bilen ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni durmuşynyň galkynmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu ýaş şäherde, ýaşlaryň şäherinde amala aşyryljak durmuş özgertmeleriniň ählisi-de döwür bilen aýakdaş gider. Ynha, sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäherinde täze «Arkadag» gazetiniň çap edilip başlanmagy, şeýle hem «Arkadag» teleýaýlymynyň ýaýlyma berilmegi, «Arkadag» futbol toparynyň döredilmegi bilen türkmen ýaşlarynyň ençemesiniň zehinlerini, ukyplaryny ýüze çykarmaga giň mümkinçilikleri açyldy. Täze binalarda, döwrebap edara-guramalarda zähmet çekjek ýaşlar hem özleriniň ähli başarnyklaryny ýurdumyzyň ösüşine bagyş ederler.

Türkmen ýaşlarynyň güýjüne-gaýratyna, ylmyna we bilimine uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

 

Gözel AMANSÄHEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 111 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 85 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 82 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR