ÇAGALARA TOÝ SOWGADY

Bagtyýar çagalygyň ýurdy hasaplanýan güneşli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrundaky işler has giň gerime eýe bolýar. Ynha, Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çäginde gurlan «Bagtyýar çagalar» dynç alyş merkeziniň ulanylmaga berilmegi-de bagtyýar nesilleriň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Täze desganyň açylyş dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary we bagtyýar körpeler gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar myhmanlaryň ruhlaryny belende göterdi. Bagtyýar körpeler üçin niýetlenen bu döwrebap toplum Dänew etrap häkimliginiň 2021-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, göreldeli etrap hökmünde sylaglanylan pul baýragynyň hasabyna guruldy. Çünki öýlerimiziň görki, dünýämiziň bezegi, durmuşymyzyň dowamaty bolan körpeleriň şatlygy biziň hemmämiziň buýsanjymyzdyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Dänew etrabynyň «Bahar» şäherçesiniň çäginde 1,5 gektar meýdanda gurlan bu medeni meýdança çagalarymyzyň şatlygyna şatlyk goşup, bagtyýar zamanamyza buýsanjyny has hem artdyrýar.

Soňra ýürekleri bagtyýar zamanamyza bolan buýsançdan doly şadyýan körpeler ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary başdan geçirdiler. Olar bu ýerde özleri üçin niýetlenen awtoulaglara, otlulara, uçarlara münüp, hiňňildiklerde uçup, oýun meýdançasynda dürli täsinlikler bilen ýüzbe-ýüz boldular. Bina edilen çagalar medeni-dynç alyş merkezinde ýaş nesilleriň akyl we beden taýdan ösüşi kadaly, olaryň endikleriniň kämilleşmegi üçin ähli amatlylyklaryň bardygy buýsanç bilen bellärliklidir. Merkezde çagalaryň her gününiň şatlykly wakalara beslenjekdigine biz ynanýarys. Bu ýere gelen çagalaryň syn etmek başarnyklaryny, çeperçilik hem-de döredijilik ukyplarynyň kemala gelmegi üçin hem ähli şertler döredilipdir. Şeýle hem tomusky dynç alyş günlerinde ulanylmaga berlen bu merkez çagalaryň sapaly dynç almaklaryna hem ýardam eder. Arkadagly Serdarymyzyň bu sowgady ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň aňryýany bilen goralýandygyny ýene bir gezek subut edýär.

Açylyş dabarasyna gatnaşanlar mähriban Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Rahmet BEŞIMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 111 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 85 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 82 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR