DÜNÝÄ EDEBIÝATYNYŇ ALTYN HAZYNASY

Halkymyz nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, gündogaryň akyldary hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň döredijilik älemine uly sarpa goýýar. Şol esasdan hem dana şahyryň gymmatly edebi mirasy, dünýewi garaýyşlary, edebi we pelsepewi eserleri, golýazmalary dünýä alymlary tarapyndan ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. Şahyryň şygyrlarynyň dünýä dilleriniň köpsanlysyna terjime edilmegi-de ol goşgularyň ähli halklar, milletler üçin ähmiýetli boljak gymmatly pikirleri öz içine alýandygy bilen düşündirmek mümkin. Hut şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy umumadamzat şahyry hasaplanýar.

Ähli döwürleriň, ömürleriň şahyry hasaplanýan Magtymguly atamyzyň kalplaryň, ýürekleriň töründe orun alan setirleri adamkärçiligiň beýik sypatlaryna, jemgyýetiň kada-kanunlaryna, ynsanyýet gatnaşyklarynyň gymmatyna ýugrulandygy sebäpli öz gymmatyny hiç bir döwürde-de ýitirmän gelýär. Hat-da şahyryň şygyrlar toplumlaryndan ençeme setirleriniň atalar sözi, nakyllar hökmünde dillerden düşmeýändigini hem ýatlamak ýakymly.

Turuwbaşdan dana pikirlere, edebi garaýyşlara baý bolan Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda hem döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de il arasynda öz gymmatyny ýitirmän gelýän Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär. Görnüşi ýaly türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrülen akyldar özüniň döredijilik älemi bilen her bir ynsanyň göwnüni galkyndyryp, abadan ýaşaýşa hyjuwyny artdyrýar.

   Biziň kitaphanamyzda hem Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda çap edilen goşgular toplumlarynyň onlarçasy halka hyzmat edýär. Şonuň ýaly-da şahyryň dürli dillere terjime edilen şygyrlary hem okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Kitaphanamyza gelýän dürli ýaşdaky, dürli kärdäki okyjylar dana Pyragynyň kitaplaryna, onuň durmuşy bilen baglanyşykly döredilen rowaýatlara, şonuň ýaly-da dünýä edebiýatynyň beýleki görnükli wekilleriniň akyldar şahyrymyz barada ýazan eserlerine uly gyzyklanma bildirýärler. Biz — kitaphana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň öňümizde goýan jogapkärli wezipelerinden ruhlanyp, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren akyldar şahyrymyzyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlarynyň many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen kitaphanamyzda dürli çäreleri, mowzuklaýyn we edebi agşamlary, kitap sergilerini, döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli guraýarys. Kitaphanamyzda «Adyňa hoş sözler aýdylýar bu gün» diýen at bilen geçirilen aýdym-sazly çärämiz hem şu günler ýurdumyzda giň dabaralara utgaşýan Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlandy.

Biz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda welaýatymyzyň ýaş oglan-gyzlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilýän şeýle baý mazmunly, ähmiýetli çäreleriň gerimini has hem giňeltdik. Çünki dünýä edebiýatynda görnükli şahsyýet hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasy biziň watançylyk ruhumyzy has hem belende göterýär. Bize beýik akyldaryň arzuwlan zamanasyny peşgeş beren, bilim almaga, hünär öwrenmäge giň ýollary açyp beren Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýärin.

Aýna AHMETJANOWA,

Lebap welaýatynyň Dänew etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 111 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 85 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 82 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR