TÜRKMENISTAN — BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän tagallalar biziň hem günibirin işimiziň bir bölegini düzýär. Şu maksat bilen tomusky dynç alyş döwründe hem çagalaryň arasynda dürli bäsleşikleriň we gyzykly medeni çäreleriň geçirilmegine giň ähmiýet berýäris. Şu günler Lebap welaýatynyň körpeleriniň ýüzlerçesiniň şadyýan dynç alýan ýeri bolan «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem syýasy jemgyýetçilik guramalary tarapyndan dürli ýaryşlar we bäsleşikler yzygiderli guralýar. Golaýda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryna eýerip, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak maksady bilen bu merkezde «Ýaşajyk wäşiler» diýen at bilen medeni çäreleriň geçirilmegi ýaş nesliň sapaly dynç alşynyň hözirini has hem artdyrdy. Çäräniň dowamynda ol ýerde dynç alýan bagtyýar nesiller degişme sahnalaryny gürrüň bermek, sahna eserleriniň gahrymanlaryny janlandyrmak, rowaýatlardan bölekleri ýatdan aýtmak, hekaýalary gürrüň bermek boýunça bäsleşdiler. Körpeleriň döredijilik çykyşlarynda türkmen halk ertekileriniň keşplerini janlandyrmaklyga aýratyn orun berildi. Dilleri çeper körpeleriň ýerine ýetiren çykyşlary merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda uly ruhubelentlik we şadyýanlyk ýagdaýyny döretdi. Bagtyýar nesiller öz çykyşlarynda şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren Milli Liderimize we Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.   

Bu medeni çäräniň ahyrynda oňa işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Azat MAMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 111 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 85 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 82 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR