NESILLERIŇ SAGLYGY — JEMGYÝETIŇ ABATLYGY

Hormatly Prezidentimiziň 7-nji iýunda geçiren Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Kerki etrap medeniýet öýünde «Sagdyn jemgyýet, sagdyn durmuş, beýik geljek — Arkadagly Serdarymyzyň baş aladasy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrabyň bilim we saglygy goraýyş işgärleri, edara-kärhanalaryň ýaşlar guramalarynyň agzalary gatnaşdylar. Ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, nesil terbiýesini we maşgala mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu çärede ýerine ýetirilen çykyşlarda çilimkeşligiň ynsan saglygyna we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine ýetirýän ýaramaz täsirleri barada täsirli gürrüňler edildi. Bu çärede harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri oňa gatnaşyjylara jemgyýete zyýan ýetirýän şeýle hereketleriň kanuny bozmalara alyp barýan ýagdaýlary barada giňişleýin düşündiriş berdiler. Şeýle hem ýurdumyzda şeýle ýaramaz hereketleriň öňüni almak ugrunda döwlet derejesinde giň aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Iýun 2025 | 36 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

13 Iýun 2025 | 30 okalan

SPORT – GÜÝÇ, GAÝRAT

13 Iýun 2025 | 39 okalan

BAG DURMUŞYŇ BEZEGI