TÜRKMEN RUHUNYŇ GÖWHER TÄJI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we edebi mirasymyzy öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler göwünleri galkyndyrýar. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň, köpugurly döredijilik dünýäsiniň täzeçe röwüşde öwrenilmegi-de bu ugurda alnyp barylýan tutumly işleriň bir bölegini düzýär. Akyldar şahyrymyzyň çuňňur many-mazmunly şygyrlarynyň ýaş nesli watansöýüjilik, mertlik, bagtyýarlyk, wepalylyk, gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak edebi hazynadygy hem hemmämize aýdyň hakykatdyr. Şol hazynanyň edebi-terbiýeçilik gymmaty barada söz açmak bolsa biz ýaşlar üçin uly mertebedir.

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şanly seneler bilen dabaralandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde dürli medeni çäreleriň ýaýbaňlandyrylmagyna eýýämden giň ähmiýet berilýär. Bu ugurda biz hem öňümizde duran wezipelerden ugur alyp dürli medeni köpçülikleýin çäreleri, döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirýäris. Golaýda Köýtendag etrabynyň Merkezi kitaphanasynda «Türkmen ruhunyň göwher täji» diýen at bilen guran duşuşygymyz hem bu şanly senä bagyşlandy. Oňa mugallymlar, terbiýeçiler, kitaphana işgärleri, ýaş hünärmenler we guramamyzyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Duşuşykda edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň köpöwüşginli şygyrlarynyň, pikir-garaýyşlarynyň, watansöýüjilik we ynsanperwerlik, ahlak-arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleriniň, parasatly sargytlarynyň halkymyzyň durmuş ýörelgesine we pelsepesine öwrülendigi dogrusynda aýratyn nygtaldy. Bütin adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrülen akyldar şahyryň goşgularynda türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramyny, gylyk-häsiýetlerini, çeper ellidigini wasp edýän ajaýyp setirlerini bize miras galdyrandygy dogrusynda aýdylanlar çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Ýaş nesliň wekilleriniň Pyragynyň dürli mowzuklarda ýazan goşgularyny ýatdan aýtmaklary bu çäremize aýratyn öwüşgin çaýdy. Çykyşlardan hem görnüşi ýaly, ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» atly maksatnamasyna goşulan 64 dokumental ýygyndynyň sanawynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň hem bolmagy halkymyzyň öz nusgawy şahyryna bolan buýsanjyny goşalandyrdy. Çärä gatnaşyjylar akyldar şahyryň ömri we döredijiligini çuňňur öwrenmeklige, ony geljekki nesillere ýetirmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Gülşirin MAMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 111 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 85 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 82 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR