SPORT — SAGDYNLYK WE RUHUBELENTLIK

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn ösmeklerinde, gujurly-gaýratly kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde sportuň ähmiýeti uludyr. Hut şu maksat bilen ynsan saglygy döwletiň iň gymmatly baýlygy hasaplanýan ýurdumyzda milli sport we olimpiýa hereketleriniň jemgyýetimize ykjam ornaşmagyny gazanmakda uly işler alnyp barylýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe we sagaldyş hereketleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, döwrebap sport toplumlarynyň yzygiderli halka hyzmat etmegi netijesinde bu günki gün dürli ýaşdaky we dürli kärdäki raýatlarymyz sporty özlerine hemişelik hemra edindiler. Biziň etrabymyzda hereket edýän döwrebap sport mekdeplerine gatnaýan ýaşlaryň sanynyň gün-günden artmagy ýurdumyzda sagdyn nesliň kemala gelýändiginden habar berýär. Biz hem ýaşlaryň sporta höwesini artdyrmak, olaryň ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen türgenleriň arasynda dürli sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegine giň ähmiýet berýäris. Golaýda Dänew etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde guran sport çärelerimiz hem ýaşlaryň tomusky dynç alyş döwrüni netijeli geçirmeklerini, wagtlaryny peýdaly işlere sarp etmeklerini gazanmaga gönükdirildi.

Dürli ýaşdaky sport ussatlaryny, höwesjeňleri, tälimçileri we türgenleri bir ýere jemlän bu köpçülikleýin sport çäresinde erkin göreş, agyr atletika, küşt we tennis boýunça ýaryşlar guraldy. Şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen ýaryşlarda ýaşlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem türgenleriň taýýarlan görkezme çykyşlaryna hem tomaşa edildi. Tälimçiler ýaşlary şeýle sagdynlyk ruhunda terbiýelemek, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Batyr KURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 111 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 85 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 82 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR