Siz irden turup, fitnes zala gidip, saglygyňyzy berkitmek üçin türgenleşýärsiňizmi? Ýada siz irden 10-15 km ylgaýarsyňyzmy? Belki, siz irden oýaryjy sagadyň sesini sem edip, turmaly wagtyňyzy ýene 10-15 minut yza süýşürip, uklamagy saýlaýansyňyz? Biziň bedenimiz üçin irden azajyk hem bolsa, ýatyp ukudan ganmak zerurmy ýada täze güni işjeň hereketler bilen başlamak wajypmy?! Barlaglaryň netijesinde mälim bolşy ýaly, gowy uky biziň bedenimiz üçin möhüm täzeden dikeldiji güýje eýedir. Munuň üçin 7-9 sagat gowy uklap dynjyňy almak hökmandyr. Emma köp adamlar ýeterlik uklap bilmeýändigini aýtsa, ýene bir toparlary gündelik az işjeň hereketde bolýandygyny aýdýarlar. Her gün ir bilen ukudan oýanýanlaryňky gowy. Irden turýanlar bir näçe artykmaçlyga eýedir. Säher bilen açyk howada beden terbiýe maşklary geçilýän wagty, Gün şöhleleri melatonin atly uky gormonynyň bedendäki derejesini peseldýär. Şol sebäpli adam özüni şähdaçyk we işjeň duýýar. Egerde siz agşam işden soňra türgenleşmek islemeýän bolsaňyz, onda ony irdenki türgenleşik bilen çalşyp bilersiňiz. Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, güneşli sebitleriň adamlary ertirine hasda işjeňdir. Alymlaryň subut edişi ýaly, haçanda, sport bilen meşgullanýan wagtymyz biziň bedenimizde endorfinleriň, ýagny «bagt gormonlarynyň» mukdary artýar. Netijede, adam uzakly gün şähdaçyk ýagdaýda bolýar. Ukynyň ýetmezçiligi bedeniň agramynyň artmagyna getirýär. Dowamly uky ýetmezçiligi netijesinde bedende işdäni açyjy gormonlaryň mukdary artýar. Bu hem öz gezeginde sagdyn iýmitlenmegiň düzgünleriniň bozulmagyna getirýär: agyrlyk dörediji iýmitlere ýykgyn edilýär. Beýle ýagdaý adamy öňküsinden-de ýaltalyga iterýär. Sport bilen meşgullanmak ýatdan çykarylýar. Kim sport, beden maşklary bilen meşgullanýan bolsa, onuň ukusyda gowudyr. Subut edilişi ýaly, kim irden sport bilen meşgullanýan bolsa, çalt we rahat uka gidýär. Günüň ikinji ýarymynda ýada agşamlyk türgenleşýänlerden-de irden türgenleşýänleriň gowy uklaýandygyny hünärmenler belleýärler. Hakykatdanda, biziň bedenimiz üçin ukymy ýada sport möhüm? Getirilen mysallar boýunça bu sowala jogap tapmak aňsat. Ýeterlik derejede gowy uky we yzygiderli beden maşklary, ikiside gerek. Dogrudanda, şeýle çemeleşmek siziň saglygyňyzyň hemde bütin günüň dowamynda şähdaçyk, işjeň halda bolmagyňyzyň girewidir.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.