Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beden taýdan sagdyn, ruhubelent nesli kemala getirmek döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridir. Ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, çagalaryň boş wagtlaryny şadyýan geçirmegi üçin ata Watanymyzda ähli tagallalar edilýär. Bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyşy häzirki döwürde Watanymyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrülýär. Ösüp gelýän nesliň dynç alyş günleriniň dürli görnüşli we gyzykly çärelere baý bolmagy üçin çagalaryň ygtyýarlyklaryndaky döwrebap sagaldyş merkezleri ähli mümkinçiliklere eýedir. Çagalaryň dynç alyş merkezlerinde dürli oýunlary oýnamak hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin niýetlenen ajaýyp meýdançalar, tans zallary, teatr we şekillendiriş sungatynyň otaglary ýerleşýär, baý kitap gaznaly kitaphanalary hereket edýär. Ynha şeýle mümkinçilikli gurlan Gyzylarbat etrabynyň çäginde, belent dagyň etegindäki salkyn saýaly howada ýerleşýän «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi dynç alýan körpeleriň arasynda sportuň futbol görnüşi boýunça sport bäsleşigini geçirdi. Uly şatlyk-şowhuna, çekeleşige eýe bolan bu bäsleşik körpeleriň özara ysnyşmagyna we sportuň bu görnüşine bolan höwesleriniň artmagyna ýardam etdi. Bäsleşigiň ahyrynda ýaşajyk futbolçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagajyklar döredip berilýän ähli mümkinçilikler üçin bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersiteti Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Oguljahan Atamyradowa,
TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.