ARKADAG ŞÄHERI — GELJEGIŇ ŞÄHERI

Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri, döredijilik işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler halkymyzy şanly waka — Arkadag şäheriniň açylmagy we sebitde deňi-taýy bolmadyk häzirkizaman innowasion tehnalogiýalar bilen üpjün edilen  bu şäheriň ähmiýetini açyp görkezýän «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar. Bellenilişi ýaly, bu kitaby okyjylar köpçüligi, tutuş halkymyz «akylly» Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat hökmünde kabul etdi. «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «geljegiň şäheri» bolan Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan täze neşirde döwrebap şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlaryň täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylmagynyň aýratyn özüne çekiji bolandygyny bellediler. Çykyşlarda şeýle-de ýokary çaphana usulynda neşir edilen bu täze kitabyň üç dilde taýýarlanmagynyň onuň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendigini görkezýändigi, daşary ýurtlylaryň hem kitaby okap, Arkadag şäheriniň ajaýyplyklary bilen tanşyp bilýändigi nygtaldy. Bu kitap ähli raýatlarymyz, şol sanda ýaş nesillerimiz üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolsa, daşary ýurt okyjylaryny Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly innowasiýalara esaslanyp alnyp barylýan ägirt uly şäher gurluşyk işleri bilen tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Kitapda «Gadymy toprakda dörän gudrat», «Gurýan döwlet — gurply döwlet», «Arkadag şäheri — döwlet ähmiýetli şäher», «Arkadagda «akylly» şäher konsepsiýasy», «Akylly» şäheriň «akylly» ulaglary», «Akylly» öý hyzmatlary», «Ekologiýa abadançylygy ugrunda», «Ýaşyl» tehnologiýalar — «ýaşyl» ykdysadyýet», «Tenekar topragyň şirin nygmaty», «Belent hormatyň nyşany», «Ösüşinde bedewleriň bady bar», «Ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri», «Gözelligiň şäheri», «Dowamata dowam şäher», «Goý, halkymyz eşretli durmuşda ýaşasyn!» atly bölümler bolup, olarda bu ajaýyp şäheriň gaýtalanmajak özboluşly aýratynlyklary, tebigy gözelligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy çeper beýan edilýär hem-de ýurdumyzyň şeýle ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmäge ukyplydygyny şöhlelendirilýär.

«Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda şeýle hem täze şäheriň açylyp ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ägirt uly şanly waka bolandygy bellenilip, onuň diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, halkara derejede-de ähmiýetli şähere öwrüljekdigi bellenildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamalaryny we «akylly» ulgamlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş hünärmenleriniň işjeň çekilendigini belläp, häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmaklary, öz ukyp-başarnyklaryny iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de özboluşly taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.

 

 

GÖZEL SAPARMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR