PÄHIM-PAÝHASYŇ BEÝANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň   asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly şöhlelenmesi boldy. Bu kitap türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary, pederlerimizden miras galan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgeleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Hormatly Arkadagymyz ata-babalarymyzyň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary içgin seljerip, olar dogrusynda eserinde giňişleýin durup geçýär. «Ömrümiň manysy» atly eser «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müň ýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölümlerden ybarat bolup, kitapda geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň, dünýäniň danalarynyň pähimli sözleri edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilýär. Hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň baý medeniýetini we milli mirasyny giňden dabaralandyrýan bu eseri terbiýeçilik mekdebiniň gözbaşyny özünde jemleýär.

Kitaba sarpa goýmakda, ylym-bilimi ösdürmekde nusgalyk tejribeleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy, türkmen halkyny diýseň buýsandyrdy. Bu täze kitapda geçilen ýollar, edilen işler bilen bir hatarda, durmuşy özgertmegiň, Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary baradaky pikir-garaýyşlar beýan edilýär. Kitapda «Ömrümiň manysy — il-halkym», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Watan —enäniň kalby», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda», «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy», «Ömrüňiz uzak bolsun!» ýaly bölümler bolup, olarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň durmuş ýolunyň dürli tapgyrlary baradaky giňişleýin maglumatlar öz beýanyny tapýar. Biz ýaşlar üçin gollanma bolup duran bu kitaplary peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji, aras­sa ahlak­ly, be­lent adam­kär­çi­lik­li, ru­hu­be­lent, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ylym­ly-bi­lim­li adam­lar edip ýe­tiş­dir­mek­de ola­ryň ki­ta­ba söý­gü­sini, oka­mak hö­we­si­ni art­dyr­ma­gyň örän uly äh­mi­ýe­ti bar. Ýaş nes­liň bag­ty­ýar dur­mu­şy, röw­şen gel­je­gi ba­ra­da taý­syz ta­gal­lalary ed­ýän ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da ylym-bi­lim ulga­my­nyň, ki­tap­ha­na işi­niň kä­mil­leş­di­ril­megi ba­bat­da hem giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän, her bir işinde ýüreginde-kalbynda berkarar döwletimize buýsanç duýgulary möwç urýan, bagtyýar ýaşlar baradaky aladalary naýbaşy orunda goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gah­ry­man Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolup, döw­let­li iş­le­ri rowaçlyklara beslensin!

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR