EDEBIÝATYŇ ÖÇMEJEK PARLAK ÝYLDYZY

«Dürden zynat paýhas-kalba salanyň,

Iliňe öçmejek ýadygär boldy»

Bu setirler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň il-gününe, tutuş adamzada aýdyp giden wesýetleriniň, nakyla öwrülen öwüt-nesihatlarynyň hiç wagt könelmejek gymmata eýedigine güwä geçýän sözlerdir.

Bu gün bolsa akyldaryň şygryýet dünýäsine aralaşyp, ynsan kalbyny durky bilen eýeleýän, heýjana salýan goşgularyny okaýarys, diňleýäris, pähim-paýhasa ýugrulan bentlerden, öwüt-ündewlerden teşnelik bilen ganýarys. Olar seniň durmuşyň her güni, aýy, ýyly üçin ýoluňa ýagtylyk saçýan mukaddes pentlerdir. Beýik şahyryň goşgularynyň hersi bir dessan ýalydyr.

Gahryman Arkadagymyz «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip belleýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn hormat, uly sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan şahyryň edebi mirasynyň halk köpçüligine ýetirilmegi, ylmy esasda giňişleýin öwrenilmegi ugrunda bahasyna ýetip bolmajak işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýetimiz, sungatymyz, edebiýatymyz uly ösüşleri başdan geçirip, nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden eserleri has içgin öwrenilýär. Şeýle ajaýyp nusgawy şahyrlarymyzyň naýbaşysy bolsa Magtymguly Pyragydyr.

Bu günki gün beýik türkmen akyldarynyň şygyrlary tutuş adamzat üçin gymmatly hazyna öwrüldi. Dana Magtymguly atamyzyň bize miras goýan şygyrlary her bir ynsan üçin ýol görkeziji şamçyragdyr.

Goý, milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

 

Bägül BOÝALYÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Magtymguly etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Indiki makala

Tomsuň datly tagamy

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR