Ýer ýüzünde, megerem, doňdurmany halamaýan çaga ýok bolsa gerek. Datly tagamyň bu görnüşini diňe çagalar däl, ulular hem gowy görýär. Doňdurmanyň ilki başda nirede peýda bolandygy barada dürli maglumatlar bar. Käbir çeşmelerde 2200 ýyl mundan ozal Hytaýda tüwi goşulan süýdi gar bilen sowatmak arkaly tagam taýýarlanandygy bellenilýär. Aziýa ýurtlaryna syýahat eden wenesiýaly söwdagär hem-de jahankeşde Marko Polo tarapyndan Italiýa getirilendigi aýdylý Häzirkilere meňzeş doňdurmalar bolsa XVII asyrda peýda bolup başlaýar. Bu usulda gaýmak bilen bala şokolad ýa-da ülje goşulyp taýýarlanypdyr. Onuň sowuk bolmagy üçin gar ýa-da buz goşupdyrlar. Şol ýyllar doňdurma taýýarlanýan bedre görnüşli guty ýasalypdyr. Onuň içine gerekli zatlar goşulyp, mazaly garylypdyr. Häzirki wagtda süýt, şeker, bal, mürepbe, miwe, ýumurtga we dürli ir-iýmişler goşulyp taýýarlanýan doňdurmany taýýarlamakda italýanlar has meşhurdyr. Şeýle hem
Ýaponiýa, Finlýandiýa, Gresiýa, Täze Zelandiýa, Awstraliýa we Germaniýa ýaly ýurtlara mahsus bolan doňdurma görnüşleri bar. Täsin ýeri yssy howada iýilmegi halanýan hem bolsa, doňdurma sarp etmekde Şwesiýa, Finlýandiýa, Norwegiýa, Daniýa ýaly has sowuk ýurtlar öňdeligi eýeleýär. Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde bolsa, doňdurma taýýarlamagyň has döwrebap usullary işlenip düzüldi. Häzirki wagtda ýörite kärhanalarda taýýarlanýan doňdurmalar söwda nokatlarynda sowadyjylarda satylýan bolsa, ýörite kiçeňräk enjamlar arkaly taýýarlanan badyna müşderilere ýetirilýän doňdurmalar hem meşhurdyr.
Nähili saýlanmaly?
Doňdurmanyň düzüminde kalsiý, kaliý, demir we sink ýaly birnäçe minerallar bar. Ähli önümlerde bolşy ýaly, doňdurma alnanda hem ünsli bolmaly. Gaplanan taýýar doňdurmalaryň daşyndaky ýazgylar dykgatly okalmaly, ulanyş möhletine we saklanyş şertlerine seretmeli. Şeýle iýmit önümlerine goşundylar goşulýandygy sebäpli doňdurmanyň elin taýýarlanýan görnüşleriniň has peýdalydygy bellenilýär. Şeýle hem doňdurmany öý şertlerinde taýýarlap bolýar. Doňdurmany öýde süýt, gatyk we öz saýlan miweleriňizi goşmak arkaly taýýarlap bilersiňiz. Doňdurmany gündizine iýmek maslahat berilýär. Günüň dowamynda üçden artyk doňdurma iýmek maslahat berilmeýär. Ol ähli möwsümde iýip boljak gymmatly iýmit bolup, esasan hem, çagalaryň boýunyň ösmegine peýda edýär, süňklerini güýçlendirýär we iýmit siňdirişini ýeňilleşdirýär.
Haýsy ýurtda nähili doňdurma bar?
Italiýanyň Sisiliýa sebitinde ertirlikde doňdurma sandwiçleri iýilýär. Doňdurma bulgurda äberilýär we eräp çörege siňýär. Ýaponiýada moçi atly doňdurma taýýarlanýar. Üwelen tüwüden taýýarlanýan süýjüligiň hamyryna ýaponça «moçi» diýilýär. Bu tegelek hamyryň içine doňdurma salynmagy bilen taýýarlanýar. Onuň gök çaý tagamly, wanilli, ýertudanaly we beýleki görnüşleri bolýar. Tailandda doňdurmanyň müşderi sargyt edeninden soňra taýýarlanyp başlanýan görnüşi bar. Ýagny tagam müşderi üçin taýýarlanyp, elinjek hödürlenýär. Bu tagamy taýýarlamak üçin ýörite polat gaba suwuklyk guýulýar. Soňra beýleki tagamlar goşulyp garylýar. Birsalymdan doňdurylýar we kiçijek böleklere bölünip käsede hödür edilýär. Angliýada bolsa doňdurmanyň örän köp görnüşi bar. Irki döwürlerde Angliýada Italiýadan göçüp gelen maşgalalar doňdurma dükanlaryny açypdyrlar. XIX asyryň ahyrynda hyýarly doňdurmalar meşhur bolupdyr. 1920-nji ýyllarda galyň bulgurda hödürlenýän we uzyn çemçe bilen iýilýän doňdurma dürli miweler, hoz we gaýmak goşulýan eken. 1940-njy ýyllarda doňdurma köpçülikleýin öndürilip, sowadyjyly ulaglar arkaly paýlanyp başlanýar.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.