KOMPÝUTERDEN DOGRY PEÝDALANMAGA ÇALŞALYŇ!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işlerini häzirki wagtda mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz her ýylda bolşy ýaly mekdebiň gapysynda ilkinji ädimlerini ätläp, birinji synpa okuwa barýan biziň nurana geljegimiz bolan körpelerimiziň her birine kompýuter sowgat berilmegi guwandyryjydyr. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň ylmyň gazanylan üstünliklerinden, täze tehnologiýalardan, kompýuterleri özbaşdak ulanmagyna ýardam berýär. Ylmyň juda tizlik bilen ösýän zamanasynda biziň durmuşymyzda täze tehnologiýalar giň orun alýar. Munuň özi biziň innowasion tehnologiýalar bilen ýygy-ýygydan iş salyşýandygymyzy aňladýar. Biz internet arkaly gündelik habarlar, dünýä täzelikleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik tapýarys. Bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bolsa zerur hünär başarnyklaryny ele almaklarynda, nazary bilimlerini tejribede baýlaşdyrmakda, gözýetimlerini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan kämil hünärmenleri taýýarlamaga täze mümkinçilik açýar. Bu bolsa döwrebap şahsyýetiň kemala gelmeginiň, onuň jemgyýete goşulmagynyň, dünýä düşünmeginiň esasy hem wajypdygynyň aýdyň mysalydyr. Kompýuteriň öňünde köp oturmagyň ynsan saglygyna edýän zyýany barada hem bilmegimiz zerurdyr. Esasanam bu aýdanlarymyz çagalar babatda hem şeýle. Häzirki wagtda her bir çaganyň öz şahsy kompýuterleri bolup, çagalar kompýuteriň üsti bilen gözýetimlerini giňeldýärler. Öz ýaşlaryna görä aňyny ösdürjek oýunlary tapyp, hezil edip oýnaýarlar. Şeýle-de olar çagalara niýetlenen tebigata söýgi döredýän, zähmete bolan garaýşyňy artdyrýan eserleri hem okap bilýärler. Çagalar çeper filmleriň üsti bilen durmuşda öz ornuňy tapmagyň, dostluga sarpanyň, birek-birege hormat goýmagyň ýollaryny hem öwrenýärler. Kompýuterden dürli suratlary tapmaga-da mümkinçiligiň bardygy her bir adamyň ünsini çekýär. Çünki suratlar dürli-dürli bolup, olaryň üsti bilen tebigatyň özboluşly aýratynlyklary açylýar. Bu belli bir derejede ýaşlaryň sungata bolan garaýşyny ösdürýär we olaryň döredijilige bolan ukyp-başarnyklaryny artdyrýar. Olar bu ýerden özbaşdak surat çekmägede mümkinçilik gazanýarlar. Hünärmenler kompýuterden dogry peýdalanmadyk ýagdaýynda, onuň saglyga zyýanly taraplarynyň bardygyny hem ýatladýarlar. Ýagny göze hem kellä agram salman, her 15 (on bäş) minutdan arakesme edilse, göwne makul bolar. Arakesme wagtynda edilen gezelenç saglyga has gowy täsir edýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Gözlere wagtly-wagtynda dynç berilende göreçler kütelmeýär. Çaganyň ýadaw göreçleri ýaşyl ýapraklara, mawy asmana ýa-da daş-töweregiň gözelliklerine gönügende, dynç alýar. Ene-atalar çagalarynyň kompýuterden peýdalanan wagtlaryny gözegçilikde saklamaklary örän zerurdyr.

G. GARAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap

Geňeşiniň guramaçylyk  bölüminiňhünärmeni.

Öňki makala

Tomsuň datly tagamy

Indiki makala

ZÄHMETSÖÝERLIK!

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR